Gijem bolsa uçup geldim,
Seni küýsäp öýme, Läläm.
Çekdi bahar Garaguma,
Ajaýyp bir gaýma, Läläm.
Senem bahar bilen deň-duş,
Gollara gir, depeden aş,
Tebigatyň özem serhoş,
Maňa serhoş diýme, Läläm!
Çomuç bardyr goşar ýaly,
Köl bar suwa düşer ýaly,
Ylla, älemgoşar ýaly,
Başyňdaky öýme, Läläm.
Egniňdäki mawy atlaz,
Asman kimin — epin tutmaz,
Gün ynjytmaz, ýel ynjytmaz,
Ýaşylbaş dek aýna, Läläm.
Oýumyzyň ady Zäkli,
Gül ýygaly akly-gökli,
Arman, ýöne ömür çäkli,
Ýokdur senden doýma, Läläm!
Berdinazar HUDAÝNAZAROW.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.








