Ýurdumyzda ilaty bedenterbiýä we sporta köpçülikleýin çekmekde gazanylýan üstünlikler döwlet Baştutanymyzyň sport syýasatynyň rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. Aýratynam, sporta höwesek ýaşlaryň ýylsaýyn mukdarynyň artýandygy guwandyrýar. Diýarymyzda hereket edýän döwrebap stadionlar, sport desgalary we sport mekdepleri ýaş türgenleriň ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrmaklaryna mümkinçilik berýär.
Golaýda Mary şäherindäki 2-nji sport mekdebinde küştçileriň arasynda welaýatda birinjiligi almak ugrunda ýaryş geçirildi. Örän çekeleşikli geçirilen bu bäsleşige welaýatymyzyň etrap, şäherlerindäki sport mekdeplerinde tälim alýan küştçüler gatnaşyp, şahsy birinjiligi almak ugrunda güýç synanyşdylar. Ýaryşa gatnaşan her bir türgen özüniň ýeňiji bolmaga mynasypdygyny äşgär etmäge çalyşdy.
Netijede, emin agzalarynyň biragyzdan gelen kararyna laýyklykda ýeňijiler yglan edildi. Şeýlelikde, sport mekdebimiziň ezber küştçisi Amangeldi Agajanow 1-nji orna mynasyp bolmagy başardy. Türgenimiz Öwezhan Ybraýymow bolsa baýrakly orny eýeledi. Häzirki wagtda küştçülerimiz has jogapkärli ýaryşlara taýýarlyk görýärler.
Orazdurdy ORAZDURDYÝEW.








