Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sporty ösdürmek barada edýän aladalarynyň çäginde Mary welaýatynyň etrapdyr şäherlerinde hem köp sanly sport bäsleşikleri geçirilip, olar ýokary ruhubelentlige beslenýär. Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary etrap geňeşiniň hem-de Mary etrabynyň Bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramaklarynda sportuň küşt görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşa etrabyň orta mekdepleriniň mugallymlary uly höwes bilen gatnaşyp olar özara bäsleşdiler. Sagdyn durmuş ýörelgelerine esaslanyp, bilim işgärleriniň arasynda geçirilen bu bäsleşik özüniň çekeleşikligi bilen tapawutlandy. Sporty köpçülikleýin herekete öwürmek, sportuň küşt görnüşini has-da kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen bu ýaryş has ussat türgenleriň birnäçesini ýüze çykardy. Ýaryşyň ýeňijilerine hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşanlar ýurdumyzda sporty ösdürýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Toýmyrat GURBANOW.








