Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Mary welaýatynda hem dürli wagyz-nesihat çärelerine giň gerim berilýär. Ýurdumyzda yglan edilen “Ýol hereketiniň howpsyzlygy - ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlygyň çäginde Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň we Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýol gözegçilik bölüminiň bilelikde gurnamaklarynda Mary şäherindäki 48-nji çagalar bakja - bagynda köçe ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek boýunça “Körpeje ýol gözegçileri” atly wagyz - nesihat çäresi geçirildi.
Bu çärede Mary şäherindäki 48-nji çagalar bakja bagynyň körpeje nesilleri özleriniň köçe - ýol hereketiniň düzgünleri bilen baglanyşykly ýörite taýýarlan täsirli çykyşlaryny görkezdiler. Şeýle-de Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýol gözegçilik bölüminiň işgäri körpe nesillere ýol - hereketiniň düzgünlerini kada - kanuna laýyk berjaý etmeklerini we ýol belgilerine ünsli bolmaklaryny ýörite belläp geçdi. Mundan başga-da 48-nji çagalar bakja bagynyň terbiýeçisiniň hem ýol düzgünlerini berjaý edýän ýörite görkezme esbaplary arkaly sapak geçmeginiň özem täsirli boldy.
Nurjahan Mämmedowa.








