Golaýda TMÝG-niň welaýat, Wekilbazar etrap geňeşleriniň, TDP-niň, TAP-nyň etrap komitetleriniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 2-nji çagalar bagynda terbiýelenýän körpeleriň aýdym-saza bolan höwesini artdyrmak maksady bilen “Körpe nesiller şatlanýar” atly aýdym-sazly çäre geçirildi. Çärä ýokarda ady agzalan syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň işgärleri, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, etrapdaky çagalar baglarynyň terbiýeçileridir körpeleri gatnaşdylar.
Çärede TAP-nyň etrap komitetiniň işgäri Uzuk Hommatdurdyýewa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Hajar Garryýewa, etrabyň polisiýa bölüminiň PÝGB-niň serkerdesi, polisiýanyň kapitany Resul Körow, etrapdaky 2-nji çagalar bagynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Gülkamar Durdyýewa çykyş etdiler. Çykyş edenler çagalar bagynda mekdebe taýýarlaýyş toparlaryndaky çagalaryň harplary tanamagy, ýazmagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi, ýurdumyzda geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesiller hakynda yzygiderli alada edilýändigi, şeýle-de, ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Maksatmyrat AŞYROW.








