Şu gün, 13-njy maýda Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynda 5-nji tapgyryň duşuşyklary bilen birinji aýlawyň jemleri jemlenildi. Ýurdumyzyň futzal ligasynyň 5-nji, 6-njy hem-de 7-nji tapgyrlarynyň Balkan welaýatynda geçirilýändigini bellemek gerek.
Tapgyryň birinji duşuşygynda “Ahal” “Migrasiýadan” 1:0 hasabynda üstün çykdy.
Bu tapgyryň merkezi duşuşygy ýaryş tertibiniň öňbaşçylary “Senagatbank” hem-de “Köpetdag” toparlary duşuşdylar. Bu duşuşykda döreden mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanan “Köpetdag” garşydaşyndan 8:6 hasabynda üstün çykdy. Tapgyryň ýene-de bir duşuşygynda “Deňizçi” TNGIZT toparyny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, geçirilen duşuşyklardan soň 12 utuk toplan “Köpetdag” topary ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynyň birinji aýlawyny birinji orunda tamamlady. Ýaryş tertibinde ikinji orny “Senagatbank” (10 utuk) topary eýeleýär.
Ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynyň 6-njy tapgyrynyň duşuşyklary 15-nji maýda geçiriler: “Ahal” – “Deňizçi”, TNGIZT – “Köpetdag”, “Senagatbank” – “Migrasiýa”.
Ýaryş tablisasy:
T/b | TOPARLAR | O | Ý | D | U | T | U | |
1. | “Köpetdag” | 5 | 4 | 0 | 1 | 26-14 | 12 | |
2. | “Senagatbank” | 5 | 3 | 1 | 1 | 14-13 | 10 | |
3. | “Ahal” | 5 | 2 | 1 | 2 | 6-6 | 7 | |
4. | “Migrasiýa” | 5 | 2 | 1 | 2 | 10-8 | 7 | |
5. | “Deňizçi” | 5 | 1 | 1 | 3 | 5-10 | 4 | |
6. | TNGIZT | 5 | 1 | 0 | 4 | 10-20 | 3 |