Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy hem-de döwletimiziň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli giňden ýaýbaňlanan köpçülikleýin sport-marafony Mary welaýatynda-da ýokary ruhubelentlige beslenip geçirildi. Mary welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Mary welaýaty boýunça wekilhanasynyň, welaýatyň Bedenterbiýe we Sport baradaky Baş müdirliginiň bilelikde gurnamagynda geçirilen bu sport çäresi Mary şäheriniň gözel künjeginden başlandy. Bu sport marafonyna Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekili, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň we welaýatda bar bolan beýleki orta-hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary, mekdep okuwçylary, sport ulgamynyň türgenleri, saglygy goraýyş, bilim we medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, bagtyýar zenanlar gatnaşdylar. Uly dabara beslenen bu sport çäresinde çykyş eden adamlar Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllyk ýubileýi, baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy bilen gutlap, sport marafon ýaryşyna gatnaşýanlara uly üstünlikleri arzuw etdiler. Türkmen sportyny ösdürmekde hem-de bu uly halkara guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy we dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakda we umumadamzat bähbitli işleri amala aşyrmakda alyp barýan işleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhyna laýyk derejede guralan bu köpçülikleýin sport marafonynyň geçirilýän ýeri aýdym-sazyň hoş owazyna beslendi. Welaýatyň estrada aýdymçylarynyň joşgunly çykyşlarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen sportynyň şan-şöhradyny dünýä ýaýmakda alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri, sport ulgamynda gazanylýan üstünlikler, halkara dost-doganlyk gatnaşyklary joşgunly wasp edildi. Soňra şu şanly ýylymyzda belleniljek döwletimiziň baky Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp geçirlen köpçülikleýin sport marafonyna badalga berildi. Halkymyzyň saglygyny berkitmäge, ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýelemäge gönükdirilen bu sport ýaryşyna uly höwes bilen gatnaşan türgenler Mary şäheriniň görkana köçelerinden bellenilen aralyga tarap ugur aldylar. Bu sport marafony döwletimiziň halkara durmuşyna işjeň gatnaşýan ýurt hökmünde dünýäde sagdyn durmuş kadalarynyň giňden berjaý edilmegine, bedenterbiýe-sagaldyş sport hereketini wagyz etmäge aýratyn üns berýändigini aýdyňlygy bilen görkezdi. Özleriniň sport älemindäki ussatlygyny we başarjaňlygyny görkezip, öňe barýan türgenleriň hereketleri altyn güýzüň ajaýyp gününde Mary şäheriniň gözellikleri bilen utgaşyp, owadan görnüşi emele getirdi. Täze taryhy eýýamda welaýat merkezinde gurlan medeni maksatly döwrebap binalaryň deňinden geçip barýan türgenleriň ýol ugryndaky ter bägüllere beslenen meýdançalar, gök öwsüp oturan arçalar göwünlerini hasam belende göterdi. Ýokary ruhubelentlige beslenen sport marafony özüniň taryhy ähmiýeti we täsirliligi bilen tapawutlandy. Bu sport marafonyna gatnaşan türgenleriň birnäçesi uzak aralygy ylgamakda öz ussatlyklaryny görkezmek bilen pellehana ilkinjiler bolup geldiler. Sport marafonynyň tamamlanan ýeri bolan welaýat merkezi medeniýet köşgüniň öňündäki meýdançada ajaýyp döwrümiziň hoş owazly mukamlary uzaklara ýaň saldy. Sport çäresinde ýeňiji bolan ussat türgenleriň birnäçesine welaýatyň Bedenterbiýe we Sport baradaky Baş müdirliginiň hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bezelen sahnada welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, birleşen tans toparlarynyň, estrada aýdymçylarynyň aýdym-saz çykyşlary giň gerimde ýaýbaňlandy. Bu ýerde sport ulgamynyň işgärleriniň sportyň çeper gimnastika, karate, woleýbol, futbol we başga-da birnäçe görnüşleri boýunça görkezen sport-görkezme çykyşlaryna hem-de ussat türgenleriň köpçülikleýin ýerine ýetiren sport maşklaryna-da uly orun berildi. Belent heňlerde ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlarda ýurdumyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwüren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde alyp barýan rowaç işleri, türgenleriň gazanýan ýeňişleri we ajaýyp döwrümiz joşgunly wasp edildi. Bu sport marafonyna gatnaşyp göwünleri galkynan adamlar türkmen sportyny dünýä derejelerine ýetirmekde, halkymyzyň saglygyny berkitmekde alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Çarymuhammet Saparow.








