Ýakynda TMÝG-niň welaýat, Garagum etrap geňeşleri, Garagum etrap merkezi kitaphanasy bilen bilelikde ösüp gelýän nesilde kitap okamaga bolan söýgini artdyrmak, kitap okamagyň peýdaly täsirlerini körpe nesillere ýetirmek maksady bilen Garagum etrabyndaky 5-nji çagalar bagynda etrapdaky çagalar baglarynyň körpeleriniň gatnaşmaklarynda “Kitap bilen açalyň biz dünýäni” ady bilen kitap şüweleňini geçirdiler.
Bu çärede merkezi kitaphananyň kitaphanaçysy Aýna Akmämmedowa çykyş etdi. Ol kitaphananyň bölümlerindäki gyzykly kitaplaryň many-mazmuny barada körpe nesillerimize gürrüň berip, bu ýerde guralan kitap sergisindäki kitaplar bilen tanyşdyrdy. Aýratynam, körpelerde kitaphananyň ertekiler bölümindäki türkmen halk ertekili ajaýyp suratlar bilen bezelen kitaplar çagalaryň ünsüni özüne çekdi. TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgäri Gülnar Gurbanmyradowanyň çagalar üçin ýazylan goşgulary labyzly okap bermegi olarda has-da uly täsir galdyrdy. Şonuň ýaly-da çäräniň dowamynda körpeleriň haýsy kitaplary okandyklary barada sowal-jogap alşyldy. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Hojaberdi BABAÝEW.