Kikboksing sportunyň üstinlikleri
weather mary 17° C Mary
weather mary 17° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Kikboksing sportunyň üstinlikleri

191 18.11.2024

2024-nji ýylyň Noýabr aýynda sportuň kikboksing görnüşi boýunça Aşgabat şäherinde ”Gökçe” sport desgasynda Aşgabat şäheriniň açyk birinjili we Türkmenistanyň Kubogy  geçirildi. Bu ýaryşa 800 golaý türgen gatnaşdy. Ýaryş örän çekelişikli we örän gyzykly geçdi.

 

Mary şäheriniň №5 sport mekdebinden jemi 18 türgen gatnaşyp 1-sany altyn, 1-sany kümüş, 5-sany bürünç medala eýe boldylar.

 

Kikboksing görnüşi boýunça tälimçi-mugallym Röwşen Habyrowyň tälimçilik etmeginde onuň türgenleri ýaşlygyna garamazdan  şäher, welaýat derejesinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolýarlar.

 

Geljekde-de tälimçi-mugallym Röwşen Habyrowyň taýýarlaýan türgenleri döwlet, halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp türkmen baýdagyny belende göterer diýip umyt edýäris.

Taýýarlan: Maksat Gurbanow Mary şäheriniň N5 sport mekdebiniň tälimçi mugallymy

 

14
14 21.04.2026
Ussat  türgenleriň  ýeňşi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde sport ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Çünki, ýurdumyz halkara sport hyzmatdaşlygynyň merkezleriniň biri hökmünde ykrar edildi. Türkmen türgenleri daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşyp, öňdäki orunlara eýe bolup, ýaşyl Tugumyzy belentde parladýarlar.  «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkand şäherinde sportuň uniwersal söweş görnüşi boýunça halkara ýaryşy geçirildi. Oňa welaýatymyzdan alty türgen we bir tälimçi gatnaşyp, olar sportuň uniwersal söweşiniň klassik görnüşi we laýt göreş görnüşi boýunça şowly çykyş edip, medallaryň 12-sine we Hormat hatlaryna mynasyp boldular. Olardan 12-13 ýaşly türgenleriň arasynda Kerem Ataýew +55 kilograma çenli agramda çykyş edip, 1 altyn,                          1 kümüş medala, 14-15 ýaşly türgenleriň arasynda Meýlis Mekanow                       60 kilograma çenli agramda çykyş edip,  1 altyn, 1 kümüş medala, Atajan Handurdyýew 60 kilograma çenli agramda çykyş edip, 2 kümüş medala, Ylham Şatlykow bolsa 70 kilograma çenli agramda çykyş edip, 2 altyn medala eýe boldular. Şeýle-de, 16-17 ýaşly türgenleriň arasynda Ýakup Täçgeldiýew                                                              55 kilograma çenli agramda çykyş edip,                                                                      2 kümüş medala, Dawut Döwletow  65 kilograma çenli agramda çykyş edip,                                                                2 kümüş medala mynasyp boldular.  Halkara ýaryşynda ýeňiş gazanan Wekilbazar etrabyndaky 1-nji sport mekdebiniň uniwersal söweş boýunça tälimçisi, Milli ýygyndy toparyň baş tälimçisi Nagmat Hojamämmedowyň ýetişdirýän ussat türgenlerine geljekde-de sport äleminde uly üstünlikleri we ýeňişleri arzuw edýäris. Bahargül MEJIDOWA.   

12
12 21.04.2026
Geljekki  nesliň aladasy (Tymsal)

Anuşirwan adyl bir gezek ýurduna aýlanmaga çykypdyr. Şonda ol Gün şöhlesi düşýän dag eteginde bükülip işläp ýören bir garry adamy görýär. Köşk hyzmatkärleri bilen ol goja golaý baranda onuň bag nahallaryny oturdyp ýörenine gözi düşýär. Patyşa gojadan näme edýändigini soraýar. — Men hoz agaçlaryny oturdýaryn — diýip, goja jogap berýär. Patyşa geň galyp: — Sen eýýäm gojalypsyň, kölegesinde saýalap, miwesini dadyp, tagamyny duýup bilmejek bolsaň nahallary ekip näme etjek? — diýýär. Ýaşuly oňa garap, şeýle jogap beripdir:  — Bizden öňki gelenler ekdiler, biz olaryň miwesini iýdik. Indi bizem öz gezegimizde bizden soňky nesiller iýer ýaly nahal oturtmaly ahyryn. Rus dilinden terjime eden Göwher AKMAMEDOWA.  

12
12 21.04.2026
Jan ene (Aýdym)

Köşegiň men, ak süýt berdiň, Läleläpjik, jan ene! Gijelerne hupbat gördüň, Hüwdüläpjik, jan ene! Ýaşlygymda bagrym daglap, Kaýda gitdiň, jan ene! Yzyňda men zaryn aglap, Bozlap galdym, jan ene!     Hemme zadyň başlangyjy, Sen ezizim, jan ene! Ene toprak döküp ýaşy, Eňremezmi, jan ene! Täzeden men çaga bolsam, Insem dünýä, jan ene! Didaryňy birje görsem, Ýok armanym, jan ene! Aşyr MÄMILIÝEW.  

11
11 21.04.2026
Ýaşmak (Rowaýat)

Ir döwürlerde bir küren oba bolupdyr. Ol obanyň adamlary örän agzybir ýaşapdyrlar hem-de bir-biregi biçak sylapdyrlar. Uz ýaşmakly gelinleriň sesi öýden daşary çykmandyr. Olar biri-biri bilen örän mylaýym gepleşipdirler. Şol obanyň golaýyndan bol suwly ýap akyp geçipdir. Oba adamlary şol ýapdan agyz suwuny içipdirler. Mala-gara, ekin-dikine hem şol ýabyň suwundan peýdalanypdyrlar.  Tomsuň yssy günleriniň birinde obanyň gelinleriniň biri şol ýapdan çaý suwy almaga gidipdir. Ol akar ýabyň boýuna baryp, gaplaryny çaýkaşdyryp, suwdan doldurypdyr-da salkynjyraýyn diýip, özüniň kümüşden ýasalan ýaşmaklygyny aýryp börügine ildirip, el-ýüzüni ýuwmaga oturypdyr. Şol pursat gaýynatanyň ýoly hem ýaňky güzeriň üstünden düşäýipdir. Gözi güzerde oturan gelnine düşen gaýynata gelniniň tisginäýmeginden ätiýaç edip aljyrapdyr. Elini suwa sokan gelin hem agzynyň ýaşmaksyzlygyndan ejap edip, aljyrap, ýaşmaklygyny sermeýär. Gyssagarada ýaşmaklygy eline ilmänsoň, ol ýabyň ýakasynda biten gamyşyň ýapragyny dişleýär. Ýaprakda gelniň dişleriniň yzy galýar...  Gamşyň ýapraklaryna syn etseň, ýaprakda dişiň yzy ýaly kertijekler bardyr. “Şol kertijekler gelniň ýaprakda galan sadap dişleriniň yzy bolmalymyş” diýip, rowaýatda aýdylýar. Taýýarlan  Ogulbäbek AGAJANOWA.

10
10 21.04.2026
Ynamly  ädim — üstünligiň  açary

Ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda giň mümkinçilikler döredilýär. Mekdep okuwçylarynyň arasynda dürli ders hem taslama, döredijilik bäsleşikleri yzygiderli guralýar. Şeýle bäsleşiklere gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny aýan edýän ýaşlaryň bardygyna biz — mugallymlar, diýseň, guwanýarys. Biziň mekdebimizde hem okuwçy gyzlardyr oglanlar şeýle bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Olaryň gazanýan her bir üstünligi bolsa, biziň üstünligimiz bolup durýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda öz okuwçylarymyň birnäçesi ders hem taslama bäsleşiginiň şäher, welaýat we döwlet tapgyrlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara eýe boldular. Has takygy, mekdep okuwçylarynyň arasynda robot tehnikasy, takyk we tebigy ugurly okuw dersleri boýunça geçirilen ylmy-döredijilik bäsleşiginde mekdebimiziň 12-nji synp okuwçylary Leýli Batyrowanyň hem-de Resul Setdarowyň bilelikde alyp baran taslama işi şäher tapgyrynda 1-nji, welaýat tapgyrynda 3-nji, döwlet tapgyrynda 1-nji orunlara mynasyp boldy. Şeýle-de, şol bäsleşikde mekdebimiziň 12-nji synp okuwçylary Maral Çaryýarowanyň hem-de Arslan Mekanmyradowyň taslama işi şäher tapgyrynda 2-nji, welaýat, döwlet tapgyrlarynda 1-nji orunlary eýeledi. Ady agzalan okuwçylarymyzyň şu ýylda “Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigiň çäginde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen taslama (ylmy-döredijilik) bäsleşiginiň fizika hem-de matematika dersleri boýunça welaýat tapgyrynda 2-nji, döwlet tapgyrynda 3-nji orunlara mynasyp bolandygyny hem aýratyn bellemek gerek. Bulardan başga-da, okuwçylarymyz “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşigine-de gatnaşýarlar. Üstümizdäki ýylda bu bäsleşikde okuwçymyz Leýli Batyrowa fizika dersi boýunça gatnaşyp, welaýat hem-de döwlet tapgyrlarynda 3-nji orny eýelemegi başardy. Okuwçymyzyň bu üstünligi ähli mugallymlaryň şatlygyna şatlyk goşdy.  Şeýle ajaýyp zamanada ýaş nesilleriň döwrebap şertlerde oňat bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Sona ATAGULYÝEWA.  

8
8 21.04.2026
Ene  toprak — bereket  çeşmesi

Ata-babalarymyz “Daýhan mert — ýer jomart” diýip, örän jaýdar aýdypdyr. Çünki, yhlasly zähmet çekip, topragyň hyzmatyny ýetirseň, ýer berekedini bolluk bilen eçilýär. Munuň şeýledigini her bir kärendeçi zähmet tejribesinde göre-göre gelýär. Ýere yhlasly ideg edip, zähmetsöýer kärendeçiler ýurdumyzda azyk bolçulygyna mynasyp goşant goşmaga çalyşýarlar.  Şu günler gallaçy kärendeçiler bol hasyl ugrunda aladalanyp, ak ekiniň idegini agrotehnikanyň talaplaryna görä alyp barýarlar. Döküni, suwy ýetik bugdaýlar kadaly boý alýarlar. Ene topraga yhlasly ýer eýeleriniň zähmeti bilen töwerege gözellik berýän ýaşyl maýsalar orak möwsümine çenli dok maňyz däneler bolup ýetişer.  Her bir kärendeçiniň maksady “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda saçaklarymyzyň berekedi bolan ak bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmekden ybarat. Hormatly Prezidentimiziň toprakdan bol hasyl almak üçin döredýän mümkinçilikleri, berýän kömek goldawlary her bir zähmet adamsyny ýokary netijeleri gazanmaga ruhlandyrýar.  Halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy üçin ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan işleri hemişe üstünliklere beslensin! Arzygül JAPAROWA.  

9
9 21.04.2026
Durnukly önümçilik  üpjün  edilýär

Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän ykdysady syýasatynda oba hojalyk pudagyny ösdürmeklige, ene toprakdan bol hasyl almaklyga uly ähmiýet berilýär. Bu iri pudagyň üstünlikli gadamlary “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda barha batlanýar. Beýleki oba hojalyk ekinleri bilen birlikde, “ak altynyň” bol hasylyny ýetişdirmekde ýokary netijeler gazanylýar. Şu günler bolsa, Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň uly toýunyň toýlanyljak ýylynyň bereketli pagta hasylyny kemala getirmek bilen bagly ýaz ekişi gyzgalaňly alnyp barylýar.  Pagta hasyly ýurdumyzyň dokma senagatynyň kärhanalary üçin gymmatly çig mal bolup, pagta arassalaýjy kärhanalarynda ony gaýtadan işlemekde uly işler bitirilýär. Pagta arassalaýjy kärhanamyzda “ak altynyň” hasylyny gaýtadan işlemekde tutanýerli zähmet çekilýär. Kärhanada pagtany guradyjy we arassalaýjy, byçgy, oklaw hem-de mehaniki - bejeriş sehleri hereket edýär. Olarda önümçilik ýokary depginde alnyp barylýar. Sehlerde önümçilik kuwwatlyklarynam netijeli peýdalanylyp, tehnologiki düzgünleriň gyşarnyksyz berjaý edilmegi gazanylýar. Tehniki howpsuzlygyň hem-de zähmeti goramagyň kadalarynyň berk berjaý edilmegine hemişe uly üns berilýär. Bu bolsa, howpsuz zähmetiň üpjün edilmegi bilen bagly meseledir. Halypa-şägirtlik ýörelgesiniň ýol alýan ýerinde işem depginli barýar. Baý iş tejribeli halypalaryň ýörelgesine eýerýän ýaş işçileriň bilelikdäki tagallalary ýokary görkezijileriň gazanylmagyna getirýär. Kärhanamyzyň zähmetsöýer adamlary şanly ýylymyzy zähmet üstünliklerine beslemek ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Kärhanamyzyň öndürýän önümleri bolsa, ýurdumyzyň dokma senagatyny gymmatly çig mal bilen üpjün etmekde saldamly goşant bolýar. Kerwen ZYRRYÝEW.  

14
14 21.04.2026
Ynsan  durmuşynyň  bezegi

Bedew bady bilen öňe barýan gözel Diýarymyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu ajaýyp şygar astynda geçirilýän sport çäreleridir ýaryşlary halkymyzyň buýsanjyna buýsanç, guwanjyna guwanç goşýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýol-ýörelgelerine eýerýän hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek boýunça nusgalyk işler edilýär.  Hormatly Prezidentimiz her bir raýatyň sagdyn, berk bedenli, ruhubelent bolmagy üçin sport ulgamyny ösdürmekde beýik işleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň ähli ýerinde döwrebap sport desgalary köpçülikleýin gurlup, ulanylmaga berilýär. Dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen sport desgalary häzirki döwürde ulynyň-kiçiniň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Şäherdir obalaryň keşbini bezäp oturan sport binalary hemmeleriň kalbyna ruhy baýlyk paýlaýar. Mundan başga-da, saglyk ýolundaky ýörişler, welosipedli ýöriş ýaly sportuň ruhlandyryjy görnüşleri hem saglygyň berkemegine getirýär. Türkmen türgenleriniň halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmagy üçin giň ýol açylyp, şol ýaryşlarda ýeňiş gazanyp gelýän ýaşlarymyza bütin halkymyz guwanýar.  Sport — ynsan durmuşynyň bezegi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, sport bilen yzygiderli türgenleşmegiň adamy diňe bir beden taýdan taplaman, eýsem, ol erkinlik, zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk duýgusyny ýokarlandyrýar. Jennet BEGENJOWA.   

7
7 21.04.2026
Halallygyň haky (Rowaýat)

Dag etegindäki obalaryň birinde bir oglan ýaşlykdan ýetim galyşyna, öz garry enesi bilen ýaşapdyr. Bu obanyň ýaşaýjylary ýylyň başyndan dag gerişlerine aýlanyp, jülgeleri söküp, gyşda ýakar ýaly odun ýygnar ekenler. Munuň üçin olar howa mümkinçilik berdigi, ýagny, ýazyň ahyryndan tä güýz aýaklap ýagyş-gar ýagýança hepdeläp odun ýygmaga gider ekenler. Bu oglanjyk hem ese-boýa galyp, murty taban ýigit bolup ýetişensoň obadaşlary bilen bile oduna gitmekçi bolupdyr. Bu barada ol enesine: — Ene, menem indi öz odunymyzy özüm getirjek, goňşy-golamlaram şu çaka çenli gaýrat etdi. Meniň bir hepdelik azygymy taýynlap beräý, iki günden öňki gidenler gelýär. Onsoň, goňşular gitjekmiş, menem şolardan galmaýyn — diýipdir. Enesi agtyjagynyň ýigit çykanyna begenipmi, ýa-da oglunyň ýaşlykdan hojalygyň aladasyna ulaşmaly bolanyna gynanypmy, garaz, gözüne ýaş aýlap, ilki razylyk bermese-de soňlugy bilen agtygynyň aýdanyna unap, razy bolupdyr. — Men onda hem-ä sähet soraýyn, hemem saňa ak pata alaýyn — diýip, obalaryndaky dili senaly gojanyňka ugrapdyr. Goja garry enäniň aýdanlaryny diňläp, bir sellem gymyldaman, böwrüni diňläp oturşyna birdenem ziňkildäp, tarsa ýerinden turupdyr-da, oglany odun ýygmaga ibermezligi sargapdyr. Işikden çykyp barýarka gojanyň: «Howp bar, howp bar...” diýip, gaýtalan sözleri enäni üstünden gaýnag suw guýlan ýaly edipdir. Ol indi oglunyň oduna gitmegine çürt-kesik garşy bolupdyr. — Sen entek ýaş, gaýalarda biten agaçlary çapyp bilmersiň, sen odunlaryň gurap-guramadygynam tanamarsyň, çykap daňyp, eşege-de ýükläp bilmersiň — diýen ýaly dürli bahanalar bilen ony alyp galjak bolupdyr. Emma oglan erjellik görkezip, öz diýenine tutup, odun ýygmaga gidýänlere goşulyp gitmek niýetinden dänmändir. —  Ene, sen hiç zady alada etme — diýip, goňşular hem oglana esewan boljakdyklaryna söz berip, duransoňlar ene: “Alla bardyr, kysmatymda näme bolsa göräýmeli borun-da” diýen pikir bilen, ahyry razy bolup, agtygyny oduna ugradypdyr. Ene her gününi daga tarap seredip geçiripdir. Bir hepde geçensoň odunçylaryň geler wagty bolupdyr.  Adatça bolşy ýaly, odundan gelýänleriň öňünden çykýan adamlara goşulan ene hem görse, ynha agtygy hem eşegiň jylawyndan tutup, beýlekiler bile oba tarap gaýdýan ýoluň ugry bilen gelýär diýýär. Gidenleri garşylamaga gelen dana goja odunçylar ýanyna ýetenlerinde oglanyň odunyny eşekden düşürmegi buýrupdyr. Özi bolsa elindäki keser bilen daňylgy odunyň ilki birinji üýşmeginiň soňra ikinjisiniň ýüpüni kesip, olary ýabak bile pytratmaklaryny sorapdyr. Birinji üýşmegi pytradypdyrlar, hiç zat çykmandyr, ikinji üýşmegem pytradyp görseler hiç zat ýok diýýär. Onsoň, goja birsellem pikirlenip durşuna oglan bilen bile gelýän goňşusynyň hem goşuny ýazdyryp, üýşmek odunlary pytratmagy buýrupdyr. Ýene-de öňki hereketler gaýatalanypdyr. Oglanyň goňşusynyň ikinji daňysy çözülip pytradylyp başlananda bolsa, odunlyk töňňeler öz-özünden gymyldap başlapdyr. Birhaýukdanam odunlaryň arasyndan sogrulyp çykan ullakan ýylan owsunyp daga tarap süýnüp gidiberipdir. Bu ýagdaýa adamlar haýran galypdyr. Dana goja bolsa: — Şu ýylan oglany çakmalydy, ýöne näme üçindir çakmandyr, bu ýerde bir hikmet bolmaly — diýipdir. Oduna oglany ýany bilen alyp giden goňşusy şeýle wakany gürrüň beripdir. Odunlyga ýaraýjak töňňedir şahalar birki gün çapylyp, soňra goş ýazdyrylan ýere, eşekleriň ýanyna çekilip, üýşmek-üýşmek edilip, eşege ýüklemek üçin daňlyp goýulýar eken. Öýlänler birki arka odunyny getirip, indikisini almaga giden oglanyň goňşusy öz getiren odunlaryndan ýogyn-ýogyn töňňeleri oglanyň ýygyp üýşüren odununyň arasyna salandygyny, şeýtmek bilen ol oglanyň odunynyň köpelmegine ýardam etmekçi bolandygyny gürrüň beripdir. Ertesi ir bilen gaýtmakçy bolnup, odunlary eşege ýükläýmeli bolanda oglan: “Bu üýşmek meňki däl” diýip, içi ýogyn töňňelerden ybarat üýşmegi almakdan ýüz öwrüpdir. Şeýle bolansoň goňşusy hem bialaç ýogyn töňňelerden ybarat üýşmegi öz eşegine ýükläp, alyp gaýtmaly bolandygyny, ýylanyň çykyp giden odun üýşmeginiňem oglanyň almakdan ýüz öwren odunlyk töňňeli üýşmekdigini tekrarlapdyr. Dana goja bu gürrüňi eşidip: — Öz hakyňa kaýyl bolmak— halallykdan nyşan. Halal kişiniň döwleti artar. “Halal işle, haýyr tap” diýleni-dä — diýipdir. Taýýarlan  Atamyrat ÝAGŞYÝEW.

10
10 21.04.2026
Hoşallyk maslahaty geçirildi

Welaýat häkimliginde hoşallyk maslahaty geçirilip, ol Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy buýrosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmaklarynda Ýolöten etrabynda “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň IV tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurmak we şol möçberde harytlyk gazy çykarmak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny burawlamak işlerine badalga bermek dabarasyna bagyşlanyldy. Maslahata welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, edara-kärhanalaryň, syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar. Şanly ýylymyzyň möhüm wakasy mynasybetli geçirilen hoşallyk maslahatynda welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew, Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Allaberdi Çaryýew, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, Mary etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy Muhammet Allagulyýew, Murgap etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Annamyrat Hotjyýew we beýlekiler çykyş etdiler. Olar “Galkynyş” gaz käniniň çäginde düýbi tutulan desganyň tebigy gazy senagat taýdan gaýtadan işläp, sarp edijilere ugratmakdaky ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň etdiler. Täze desganyň gurlup, ulanylmaga berilmeginiň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna mümkinçilik berjekdigi dogrusynda durup geçdiler. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri buýsançly ýaňlandy. Maslahatda hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edildi. Dabarada medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa edildi. Baýram AMANOW.

11
11 21.04.2026
Syýasy söhbetdeşlik geçirildi

    Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň syýasy Geňeşiniň Mary welaýat, Mary şäher Wekilbazar etrap komitetleriniň Mary welaýat medeniýet müdirligi bilen  bilelikde  gurnamaklarynda Hormatly Prezidentimiziň Mary welaýatyna iş saparlarynyň jemleri, Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna iş saparynyň  jemleri barada syýasy söhbetdeşligi   geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň golaýda Mary welaýatyna bolan iş saparynda welaýatyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze döwrebap şäherçäniň düýbüni tutup bermegi hem-de Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli Halkara awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat böleginiň açylyp ulanmaga berilmegine bagyşlandy. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, partiýanyň işjeň agzalarynyň we dürli ulgamlarda zähmet çekýän raýatlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen bu söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy gülledip ösdürip bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini ýokarlandyrmak barada taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Mary welaýatyna iş saparynyň dowamynda döwletli tutumyň başyny başlap, Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze şäherçäniň düýbüni tutup bermegi Mary welaýatynyň ähli ýaşaýjylarynda begenç hem buýsanç duýgusyny döretdi. Çünki bu şäherçäniň gurulmagy bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokary göteriljekligine bolan ynamy has-da berkidýär -diýip, uly buýsanç bilen bellediler. şeýle hem bu ýerde çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň Lebap welaýatyna iş sapary wagtynda Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli halkara awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat bölegini açyp ulanmaga bermegi hem ýurdumyzda ulag-logistika pudagynyň belent derejelerde ösdürilýänligine şaýatlyk edýänligi dogrusynda-da aýratyn belläp geçdiler. Söhbetdeşlige gatnaşanlar ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine sary ynamly öňe alyp barýan türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Maýa Annameredowa.

34
34 15.04.2026
Hoşallyk maslahaty geçirildi

Golaýda welaýat häkimliginde Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagy hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň ulanylmaga berilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary we jogapkär işgärleri, edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew, Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy Tuwakmyrat Jumaýew, Ýolöten etrabynyň ýaşaýjysy Lalmämmet Resulow, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy Seýitmyrat Atamuradow, telekeçi Berdimuhammet Çaryýew, Ýolöten etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Peraýtun Jumaýewa, Ýolöten etrabynyň Soltanbent geňeşliginiň Gyzyl oba saglyk öýüniň lukmany Dürbibi Gulamowa we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyş edenler Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işler  barada giňişleýin gürrüň etdiler. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş sözleri buýsançly ýaňlandy.  Hoşallyk maslahatynda hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edildi.  Maslahatda medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa edildi. Baýram AMANOW.  

32
32 15.04.2026
Ösüşlere beslenýän, bedew batly at-myratly Watanym

,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, ýeten sepgitlerini wagyz etmek maksady bilen Mary welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň we şäher, etrap Geňeşleriniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Mary welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamaklarynda ,,Ösüşlere beslenýän, bedew batly at-myratly Watanym“ atly maslahat duşuşygy geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Mary welaýat şäher ,etrap geňeşliginiň işjeň agzalary hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bagtyýar raýatlaryň asuda , bolelin durmuşda ýaşamaklary üçin döwlet derejesinde edilýän ägirt uly aladalar hem-de ýaş nesilleriň beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn bolmaklary barada giňişleýin gürrüňler edildi. Maslahata gatnaşanlar il-ýurt bähbitli giň möçberli işleri amala aşyrýan we ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň saglygyny hemme zatdan ileri tutýan Hormatly Prezidentimiziň  adyna çyn ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar. Nurjahan Mämmedowa.

52
52 09.04.2026
Geljegi aýdyň täze şäherçe

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri uly üstünliklere beslenip, şanly wakalary bilen şöhratlanýar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýetilýän belent sepgitler beýleki ulgamlarda gazanylýan üstünlikler bilen utgaşýar. “Döwlet adam üçindir!” diýen taglymatdan gözbaşly adam hakda alada giň möçberli işlerde durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda döwrebap täze şäherçeler gurlup, ulanylmaga berilýär. Döwletli zaman şäherçesi bu gün behişdi mekany ýadyňa salsa, Wekilbazar, Türkmengala, Sakarçäge etraplarynda täze şäherçeleriň gurluşygy dowam edýär. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem welaýatymyzyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäni gurmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, bu şäherçäni 2026 — 2030-njy ýyllarda tapgyrlaýyn gurmak bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kabul eden bu Karary welaýatymyzyň ýaşaýjylarynda  ýokary ruhubelentlik, çäksiz hoşallyk, buýsanç duýgularyny döretdi. Döwlet baştutanymyz welaýatymyza iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu şanly waka Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ilatynyň  ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilen tutumly işleriň rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Hormatly Prezidentimiz welaýatymyza iş saparynda Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäniň gurluşygyna ak pata berdi. 22,5 müňden gowrak ýaşaýja niýetlenen täze şäherçede jemi 4500 sany ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem bu döwrebap şäherçede orta mekdepleriň 6-syny, çagalar baglarynyň 8-sini gurup, ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. 800 gektar meýdany tutjak täze şäherçäniň çäginde hassahana hem-de iki sany saglyk merkezlerini gurmak meýilleşdirilýär. Bu döwrebap şäherçede onuň ýaşaýjylary üçin ähli amatlyklaryň göz öňünde tutulandygyny ýatlamak ýakymlydyr.  Elbetde, täze şäherçäniň gurluşygyna berlen ak pata “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” şygarly ýylymyzyň şanly wakalarynyň biri bolup, guwanç duýgusyny döretdi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-gün bähbitli tagallalarynyň ýeňişlere beslenýändigine şaýatlyk edýär. Şanly ýylymyzyň iri möçberli tutumly işleri rowaç alyp, olar il-günümiziň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Medeni-durmuş babatda ähli amatlyklar dörediljek täze şäherçäniň gurluşygyna ak pata berilmegi möhüm waka bolup, il-günümizde guwanç we buýsanç duýgusyny döretdi. Täze şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasynda şirinden-şirin aýdym-sazlaryň owazy belentden ýaňlanyp, tansçylaryň şowhunly tanslary dabaranyň şatlyk-şagalaňyny artdyrdy. Baýram AMANOW.

39
39 08.04.2026
Bähbitli işleriň rowaç gadamlary

Ajap eýýamymyzyň ýyllarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüş-özgerişli aýdyň ýoly bilen “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly  rowaç alýar. Ýurdumyzy syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan çalt depginlerde ösdürmekde belent sepgitlere ýetilýär. Bitarap döwletimiziň halkara giňişligindäki at-abraýy täze belentliklere çykýar. Ösüş-özgerişlerimiziň gözbaşynda bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly       Prezidentimiziň taýsyz tagallalary durýar. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, Bitarap döwletimizi ähli ugurlar boýunça çalt depginlerde ösdürmekde giň möçberli işlere badalga berýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly we öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle tutumly işler bolsa, “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatyň rowaç alýandygyna şaýatlyk edýär.  Mälim bolşy ýaly, ýurt Baştutanymyzyň öňe süren “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygaryna eýerýän türkmen ili eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekýär. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” çäklerinde uly işler amala aşyrylýar. Öňdebaryjy tehnologiýaly döwrebap kärhanalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Sanly ykdysadyýetiň halk hojalygynyň ähli pudaklaryna, beýleki ulgamlara giňden ornaşdyrylmagynda uly işler bitirilýär. Önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalary we desgalary gurmakda ýokary netijeler gazanylýar. Şeýle ösüş-özgerişler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda-da rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde ähli tagallalar edilýär. Has takygy, milli ykdysadyýetimiziň iri pudagy bolan oba hojalygynda belent sepgitlere eýe bolunýar. Daýhanlarymyz döwlet Baştutanymyzyň berýän goldaw-ýardamyna daýanyp, dänäniň, pagtanyň, gant şugundyrynyň, gök we bakja önümleriniň, miwäniň bol hasylyny almakda uly ýeňişleri gazanýarlar. Şeýle ösüş-özgerişler bolsa, Garaşsyz döwletimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryndaky ornunyň has-da pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berýär. Ýurt Baştutanymyzyň tagallalary bilen telekeçiligiň ösdürilmegine uly üns berilýär. Bu bolsa täze öndüriji güýjüň milli ykdysadyýetimizde uly orna eýe bolmagyna ýardam edýär. Hususyýetçilerimiziň yhlas-tagallalary bilen halkyň köp sarp edýän harytlarynyň we önümleriniň bolçulygy döredilýär.  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasaty uly üstünliklere beslenýär. Hemişelik Bitaraplygy BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň üçüsi bilen ykrar edilen Türkmenistan Watanymyzy bütin dünýä parahatçylyksöýüji döwlet hökmünde tanaýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň täze belentliklere çykýandygyna aýdyň subutnamadyr.  Türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň uly toýuny toýlar. Giňden belleniljek bu şanly sene Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň şan-şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylar we bu uly toýuň dabarasy dag aşar. Baýram AMANOW.

40
40 08.04.2026
Ýokary mümkinçilikler döredilýär

Golaýda Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň, TSTP-niň welaýat komitetiniň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda ýaşlaryň bilimini ýokarlandyrmak, bilim bilen önümçiligi utgaşdyrmak we parahatçylyk gymmatlyklaryny düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä TSTP-niň welaýat            komitetiniň işgärleri, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň hünärmenleri, orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.  Çärede TSTP-niň welaýat komitetiniň başlygy Täzegül Jumadurdyýewa, welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory Atageldi Kakabaýew, şu mekdebiň direktorynyň orunbasary Gurbangeldi Balow çykyş etdiler. Çykyş edenler ýaşlaryň bilimini, hukuk sowatlylygyny artdyrmak, ýaş nesilleri telekeçilige, zähmetsöýerlige çekmek, ýurdumyzda ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Aýparça AKYMOWA.

58
58 30.03.2026
Ata mekan — toý-baýramyň mekany

Ýakynda «Mary» myhmanhanasynda «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ajaýyp wakalaryny, hormatly Prezidentimiziň daşary hem içeri syýasatda alyp barýan beýik işlerini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen TMÝG-niň şäher geňeşiniň guramagynda «Ata mekan — toý-baýramyň mekany» ady bilen maslahat geçirildi. H.Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen maslahat diýseň täsirli boldy. Maslahatda TMÝG-niň şäher geňeşiniň başlygy, şäher halk maslahatynyň başlygy Resul Baýramow, H.Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Welmyrat Hommadow, şäheriň merkezi şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Maral Gulowa hem-de welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Bägül Begliýewa çykyş etdiler. Çykyş edenler ýurdumyzda gazanylýan beýik üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler, ýaşlar hakynda edilýän aladalar dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle-de, ajaýyp ýylymyzda halkara gatnaşyklarynda alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyklaryň ähmiýeti barada nygtadylar. Mähri SAPAROWA.  

61
61 30.03.2026
Demokratiýanyň aýdyň ýoly

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap döwletimiz demokratik ýol-ýörelgeler bilen bedew batly öňe barýar. Düýn guramaçylykly geçirilen saýlawlar “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakasy ýokarda ýatlanymyza şaýatlyk edýär. Has takygy, geçen ýekşenbe güni ýurdumyzda Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi.  Bu jemgyýetçilik-syýasy waka welaýatymyzda-da ykjam taýýarlykly gelnip, guramaçylykly geçirildi. Döwlet senasynyň buýsançly ýaňlanmagy bilen açylan saýlaw uçastoklary ir ertirden köp adamly boldy. Hormatly ýaşulular bilen birlikde, ses bermäge ilkinji gezek gatnaşýan ýaş saýlawçylar hem özleriniň mynasyp hasaplan dalaşgärlerine seslerini berdiler. Bu saýlawlara saýlawçylaryň işjeň gatnaşmaklary jemgyýetimiziň demokratik ýol-ýörelgeler bilen ynamly öňe barýandygynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy. Bu gezekki jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ýurdumyzda demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmakda möhüm ädim bolandygy guwandyrýar. Bu waka Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň rowaç almagynda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Baýram AMANOW.  

1483
1483 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

1268
1268 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

1520
1520 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

1445
1445 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1399
1399 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

1617
1617 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

1202
1202 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

1443
1443 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.