Kelem kaloriýasy pes iýmitlere degişlidir, onuň 100 gramynda bary-ýogy 25-28 kilokaloriýa bar. Ol horlanmak isleýänler üçin gerek bolan iýmitdir. Kelemiň düzüminde iýmit süýümleri köp saklanýar. Şonuň üçin içi gataýanlara kelem iýmek maslahat berilýär. Kelemde askorbin turşusy köp. Onuň immuniteti artdyrmakda, ýagny, kesele garşy göreşýän güýçleri güýçlendirmekde, damarlary berkitmekde we holesterini peseltmekde ähmiýeti uludyr. Kelemiň ýene-de bir aýratynlygy bar. Onda U witamini bardyr. Onuň bolsa ýarany bitiriji täsiri bar. Kelemiň şol häsiýeti aşgazan we onkibarmak içegede ýara bolanda, ýarany bitirmek üçin ulanylýar. Munuň üçin täze kelemi alyp, ony şerbet çykaryjy enjamdan geçirmeli we kelemiň suwuny günde ýarty bulgurdan 3 wagtyna, nahardan ýarym — bir sagat öň mylaýym görnüşinde içmeli. Ol şerbeti 1 aýa çenli içmek bolar.
Kelemiň 90-92 göterimi suwdan ybarat, onda B witaminler toplumy, minerallardan kaliý, magniý, kalsiý, fosfor, demir bar.
Kelem kükürde baý iýmitdir, onuň bedenden zäherleri çykaryjy, saçlary berkidiji täsiri bar, ol derini hem gowulandyrýar. Ondaky K witamini gan akmada ganyň çalt doňmagyna ýardam berýär, süňklerde we bagyrda madda çalşygyny kadalaşdyrýar. Ondaky A prowitamini gözüň görşüni gowulandyrmaga ýardam berýär.
Kelemde täze döreme keselleriniň ösmegini togtadýan maddalar bar. Kelemiň düzümindäki kaliý ýüregiň işini kadalaşdyrýar, gan basyşyny peseldýär, artykmaç suwuklyklary çykarýar, kaliý bolsa süňkleri berkidýär, madda çalşygyny üpjün edýär. Magniý nerw ulgamynyň işiniň kadaly bolmagy üçin wajypdyr. Demir ganazlygyň öňüni almak üçin peýdaly.
Aşgazanyň, içegeleriň, aşgazanasty mäziň jerhetleme kesellerinde, aşgazanyň, onkibarmak içegäniň ýara keseliniň beterleşme döwründe, böwrek sökelliginde, miokardyň infarktynda, podagrada kelem iýmek bolmaýar.
Çarymyrat
ANNAMUHAMMEDOW.








