Ynsan saglygy — jemgyýetiň iň uly baýlygy, döwletiň kuwwaty we geljegiň kepili. Eziz Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, ilatyň saglygyny berkitmek hemişe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda, dikeltmekde, bejermekde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap hassahanalar, saglyk öýleri gurlup, ulanylmaga berildi we häzirki wagtda-da beýik işler üstünlikli dowam edýär. Muňa mysal edip, geçen ýyl Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli welaýatymyzda welaýat inçekesel hassahanasy açylyp, ulanylmaga berildi. Ýylyň-ýylyna hassahanalar täze, ýokary hilli lukmançylyk enjamlary bilen yzygiderli üpjün edilýär.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, her ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumyzda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Hünär baýramçylygynda ak ýektaýly lukmanlara, ildeşlerimize sowgat hökmünde welaýatymyzda döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan, durky täzelenen Mary şäher 1-nji saglyk öýi, mundan başga-da, Aşgabat şäherinde Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, Stomatologiýa merkezi, Halkara pediatriýa merkezi açylyp, ulanylmaga berler. Bularyň ählisi ynsan saglygy üçin edilýän beýik işleriň aýdyň subutnamasydyr.
Biz — lukmanlara yhlasly zähmet çekmäge, ynsan saglygyny goramaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!
Bahar KAKALYÝEWA.








