Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynyň bilelikde gurnamaklarynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda geçirilen bu maslahata welaýatyň polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň Ýol gözegçilik bölüminiň işgärleri, institutyň professor mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň belent ösüşleri barada belläp geçmek bilen, nurana we aýdyň ýollarymyzyň asudalygyny goramakda, ýol-ulag hadysalarynyň döremeginiň öňüni almakda alnyp barylýan netijeli we giň göwrümli işler dogrusynda gürrüň etdiler. Ýol hereketiniň düzgünleriniň doly we dogry berjaý ýerine ýetirilmegine, pyýadalar bilen awtoulaglaryň hereketleriniň sazlaşykly alnyp barylmagyna uly ähmiýet berilmelidigini nygtadylar. Şeýle mazmundaky wagyz-nesihat çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi bolsa ak ýollarymyzda herekete gatnaşyjylaryň sazlaşykly hereket etmegine uly ýardam edýär-diýip maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda bellediler.
Maýa Annadurdyýewa.








