Gülki göwnaçyklyk, şadyýanlyk adam üçin örän peýdalydyr. Aýratyn hem häzirki döwürde alymlar 70 ýaşan adamyň durmuşynyň azyndan 623 gününi gülüp, 50 gününi aglap geçirýändigini hasaplapdyrlar. Käbir daşary ýurtlarda belli-belli keselleri diňe gülki bilen bejerýärler. Eýsem-de, biz gülen wagtymyz bedenimizde nämeler bolup geçýär. Dem alşymyz kadaly we çuň bolýar, ýagny, demi uzak we çuň alyp, ony çalt goýberýäris. Bu bolsa, bedenimizde zyýanly maddalaryň toplanmagyna päsgel berýär. Dartgynlylyga garşy ukybymyz köpelýär, netijede biziň keýpimiz göterilýär. Ýüregimiziň urşy we gan basyşymyz kadalaşýar. Şol sebäpli hem “Adam gülen wagty juwanlaşýar” diýýärler. Bedeniň kesellere garşy göreş ulgamy güýçlenýär.
Mümkin boldugyça, ýylgyryň, gülüň! Adamlary güler ýüz bilen garşylaň! Bu siziň ömrüňizi uzaldýar. Çünki, 1 minutlyk gülküniň peýdasy 3 minut suwda ýüzen bilen we 45 minut dynç alan bilen deňdir.
Taýýarlan
Orazgül ABDYÝEWA