Mälim bolşy ýaly, bilim we terbiýeçilik edaralarynda ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň berk berjaý edilmegi hemişe möhüm mesele bolup durýar. Şonuň üçinem şu mesele bilen bagly wagyz-nesihat, düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär.
Golaýda Mary şäherindäki 22-nji orta mekdepde geçirilen çäre-de gürrüňi edilýän meselä bagyşlanyldy. Ony welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň Mary şäher ýangyn howpsuzlyk bölümi gurap, oňa ÝHB-niň işgärleri, şäherdäki orta mekdepleriň müdirleri, mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar.
Çärede welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň Mary şäher ÝHB-niň Döwlet ýangyn gözegçiligi bölümçesiniň uly gözegçisi, içerki gullugyň uly leýtenanty Azat Mülkiýew, mekdebiň müdiri Maýsa Köşekowa, mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Gyzylgül Amansähedowa çykyş etdiler. Olar ýangyn howpsuzlygyna gönükdirilen talaplaryň berk berjaý edilmeli çäreleri hakynda gürrüň etdiler. Bu möhüm işde hemmeleriň goşandynyň bolmalydygyny nygtap geçdiler. Tebigy gaz we elektrik togy bilen bagly enjamlaryň işiniň hemişe üns merkezinde bolmalydygy dogrusynda jikme-jik gürrüň etdiler.
Agajan ATABAÝEW.








