Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň gadamlary barha batlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ösüşleri täze belentliklere çykyp, dünýäni haýran galdyrýar. Halk hojalygynda gazanylýan ýokary görkezijiler ilatymyzyň eşretli durmuşynyň hözirini üpjün edýär.
Eziz Diýarymyzda bilim ulgamyny ösdürmäge aýratyn uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” diýen ganatly şygary hemmeleriň göwün guşuny al-asmana galdyrýar. Bu ajaýyp şygar ýurdumyzyň has nurana geljeginiň hünärli, giň dünýägaraýyşly ýaşlara ynanylýandygyny aňladýar. Şu jähetden ugur alyp, biz hem Mugallymçylyk mekdebimizde geljekde çagalara bilim berjek ýaş hünärmenleriň bilim derejesiniň ýokary bolmagy ugrunda yhlas edýäris. Kärdeşlerimiz bilen tejribe alşyp, işleşmek bilen çekýän zähmetimiz ýerine hem düşýär. Biz munuň şeýledigini Mugallymçylyk mekdebimiziň uçurymlaryna bildirilýän hormat-sarpadan hem duýýarys.
Şu ýyl beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy uly dabara bilen, halkara derejesinde bellenilip geçiler. Bu şöhratly senä biz hem zähmet sowgadymyz bilen barmaga çalyşýarys.
Bizi şeýle eşretli zamanada ýaşamak we işlemek bagtyna eýe eden Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşymyz çäksizdir.
Hatyja OWGANOWA.








