Her bir güni şatlykly wakalara beslenýän “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Mary welaýatynyň Mary etrabynyň “Täze güýç” geňeşliginiň çäginde täze gurlan iki gatly 300 orunluk Mary welaýat inçekesel hassahanasynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi welaýatyň bagtyýar raýatlarynyň baýramçylyk şatlyklaryny goşalandyryp, olaryň kalbynda ata Watanymyza, ajaýyp döwrümize we halkymyzy eşretli zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize bolan buýsançlaryny has-da artdyrdy. Şu şatlykly waka mynasybetli Mary welaýat häkimliginde hoşallyk maslahaty geçirilip, oňa welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat Halk maslahatynyň agzalary, welaýatyň ýaşuly nesliniň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, saglyk ulgamynyň işgärleri we talyp ýaşlar ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar. Hoşallyk maslahatynda çykyş eden adamlar özboluşly binägärlik keşbi bilen tapawutlanýan bu hassahananyň döwrebap binasynyň uly toý şatlyklary bilen açylmagy, alym hem lukman Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmakda, ynsan saglygyny goramakda dünýä nusgalyk alyp barýan işleriniň aýdyň netijesidigini buýsanç bilen bellediler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Przidentmiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda we welaýatlaryň çäginde döwrebap saglygy goraýyş merkezleri, saglyk öýleri, häzirki zaman ýokary tehnologiýaly hassahanalar gurlup ulanylmaga berilýär. Saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan belent maksatly işler, amala aşyrylýan özgertmeler adamlaryň ömür dowamlylygynyň uzalmagyna, saglyklarynyň dikeldilmegine, ýüze çykýan keselleriň öz wagtynda öňüniň alynmagyna öz täsirini ýetirýär. Munuň özi ýurdumyzda ynsan saglygyny goramaga gönükdirilen ,,Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr – diýlip maslahatlatdaky çykşlarda aýratyn nygtalyp geçidi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Mary etrabynyň “Täze güýç” geňeşliginiň çäginde täze gurlan iki gatly 300 orunluk Mary welaýat inçekesel hassahanasy täze taryhy eýýamda daşary ýurtlaryň birnäçesiniň dünýä belli kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly lukmançylyk enjamlary bilen doly üpjün edilen hassahanalaryň biridir. Bu hassahananyň bölümlerinde näsaglary kabul etmek, olara degişli maslahatlary bermek, näsaglaryň kesellerini anyklamak, ýokary derejede bejergi işlerini geçirmek, çylşyrymly operasiýalary ýerine ýetirmek işleri lukmançylyk enjamlarynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Bu ýerde bar bolan şypahanada näsaglar bilen saglygy dikeldiş işlerini geçirmäge-de uly mümkinçilikler bar – diýlip, maslahatdaky çykyşlarda nygtaldy. Hoşallyk maslahatyna gatnaşanlar ynsan saglygyny goramakda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň işlerini kämilleşdirmekde hem-de olary ýokary tilsimatly kämil tehnologiýalar bilen üpjün etmekde alyp barýan dünýä nusgalyk işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Soňra maslahatyň dowamynda maslahata gatnaşanlaryň we welaýatyň ähli ilatynyň adyndan Hormatly Prezidentimize ýüzlenme kabu edildi. Hoşallyk maslahatyň dowamy welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň, estrada aýdymçylarynyň bagtyýar zamanamyzy, Hormatly Prezidentimiziň saglyk ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerini, saglyk ulgamnda ýetilýän belent sepgitleri wasp edýän çykyşlary bilen utgaşdy.
Suwhan Kulyýew.








