Yslam bäş-alty ýaşlarynda deň-duş oglanlary bilen ürç edip futbol oýnardy. Özünden has ulurak oglanlar hem ony öz toparyna goşmak islärdiler. Çünki, derwezeden pökgi geçirmekde ondan öňe geçip bilýän ýokdy. Töweregiň oglanlary bilen iki topara bölünip, futbol oýnamaly bolanda, köpüsiniň onuň toparyna düşesi gelýärdi.
Ol alty ýaşyny dolduryp, mekdebe okuwa gitdi. Futbol gurnagyna ýazyldy. Gün yrman geçirilýän türgenleşikler ony kem-kemden taplady, kämilleşdirdi. Ol etrap, welaýat, ýurt çäklerindäki dürli sport ýaryşlaryna gatnaşyp başlady. Şol ýaryşlarda hem iň köp pökgi geçiren esasy hüjümçi Yslam Wellekow bolýardy. Bu ýeňişlerde Yslamyň ukyby hem yhlasy aýdyňlygy bilen ýüze çykýardy.
Ukybam, erjelligem türgen üçin esasy gerek zatlaryň biridir welin, gazanylýan ýeňişleriň özeninde tälimçi Maksat Gurbanowyň irginsiz aladalary, bimöçber tagallalary, çagalara bolan buýsanjy, söýgüsi, egsilmez yhlasy hem bar. Ýaşajyk türgen Yslam Wellekow barada söhbetdeşligimizde, buýsançly nazary şägirtlerine düşende, tälimçiniň guwanjy mese-mälim duýulýardy.
— Öz oýnaýan toparynda Yslam iň kiçisi bolsa-da, onuň kämilligi, ezberligi has ýokary derejede ýüze çykýar. Öz erjelligi, yhlasy bilen bu ýaşajyk türgen toparda öňe saýlanmagy başarýar.
Ýaňy-ýakynda 2010 — 2018-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça geçirilen Ahal welaýatynyň açyk birinjiliginde welaýatymyzyň “Mary” topary 1-nji orny eýeläp, Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Hormat hatyna mynasyp boldy. Bu ýaryşda “Mary” toparynyň sport abraýyny goramak üçin biziň “Bagtyýarlyk” toparymyz çykyş etdi. 3:0 hasabynda ýeňiş gazanan toparymyzda iki pökgini derwezeden merkezi hüjümçimiz Yslam geçirdi. Ýeri gelende belläp geçsek, futbol oýnunda öňdebaryjy bolmak bilen, Yslam Wellekow şu ýyl Mary şäherindäki 7-nji orta mekdebiň 7-nji synpyny gowy bahalar bilen tamamlady.
Biz geljegine uly umyt döredýän ýaşajyk türgenimize guwanýarys, buýsanýarys. Geljekde-de ol has uly ýaryşlara gatnaşyp, toparymyza ýeňiş getirmekde başarnygyny görkezer diýip umyt edýäris. Onuň türgenleşigi birjik-de gowşatman, halkara ýaryşlarynda hem ýurdumyzyň sport abraýyny goramaga goşandyny goşjakdygyna uly ynam bildirýäris — diýip, Mary şäherindäki 5-nji sport mekdebiniň tälimçisi Maksat Gurbanow aýdýar.
Muhammetjuma HYDYROW.








