Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Mary, Baýramaly şäher we Murgap, Sakarçäge, Mary etrap komitetleriniň hem-de Mary welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamaklarynda Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine şeýle hem ýurdumyzda giňden toýlanjak mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuna görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanşykly maslahat geçirildi. ,,Türkmenistanyň Halk maslahaty-belent özgertmeleriň aýdyň binýady” diýen at bilen geçirilen bu maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Halk maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzda gazanylýan belent sepgitlere ser salmak we geljekde hem döwletimizi has-da ösdürmekde öňde durýan wezipeler bilen bagly meselelere garalmagy we onda il-ýurt bähbitli kabul edilýän çözgütleriň ähmiýeti dogrusynda durlup geçildi. Bu ýerde çykyş edenler ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda giňden belleniljek Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna häzirden görülýän taýýarlyk işleri barada-da aýratyn nygtalyp geçildi.
Merjen Çaryýarowa








