Tamamlanyp barýan çagalaryň häzirki gyzgalaňly tomusky dynç alyş möwsümini ýokary guramaçylykly geçirmek maksady bilen Mary welaýat Medeniýet müdirliginiň, welaýat kitaphanasynyň hem-de welaýat çagalar kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatynyň bagtyýar körpelerine sowgat beren ,,Arkadagyň bagtyýar nesilleri“ çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda “Magtymguly Pyragy köňülleriň çyragy” ady bilen zehin bäsleşigi geçirildi. Gyzykly we çekeleşikli geçen bu bäsleşikde Gündogaryň Akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik ýoly, ýazan eserleri hem-de Gahryman Arkadagymyzyň şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şahyra bagyşlap ýazan eserlerini bäsleşijiler uly hyjuw bilen ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň şertlerine görä çagalar öz aralarynda şahryň döredijiligine degişli birnäçe soraglara jogap bermek, goşgularyny labyzly ýerine ýetirmek ýaly şertlerde bäsleşdiler. Iki topara bölünip bäsleşen çagalaryň arasynda üstünlikli çykyş edenler höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglandy. Bagtyýar çagalar tomusky dynç alyş möwsümini ýokary derejede guramaçylykly, gyzykly we ýatda galyjy şekilde göwnejaý dynç almak üçin atalyk aladalary edýän Milli Lider Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga ýüreginde çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.
Azat BEGLANOW.