Golaýda welaýat onkologiýa hassahanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň şäher geňeşiniň hem-de welaýat onkologiýa hassahanasynyň bilelikde guramagynda “Gyzly öý — gyzylly öý” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa TMÝG-niň şäher geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary, şeýle-de, lukmanlar gatnaşdylar.
Wagyz-nesihat duşuşygynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri, TZB-niň şäher bölüminiň başlygynyň orunbasary Annagözel Saryýewa, welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany Kerim Meretgulyýew, onkologiýa hassahanasynyň işgäri, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Zöhre Agajanowa we beýlekiler çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda gözel Diýarymyzda gelin-gyzlara goýulýan hormat-sarpanyň belentdigi barada nygtadylar. Şeýle hem türkmen gelin-gyzlarynyň asyllylygy, edep-ekramlylygy, maşgalada gelin-gyzlarymyzyň tutýan ornunyň uludygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmek, kanunçylygy pugtalandyrmak, Watana wepaly bolmak, il-günüňi goramak, ahlak düzgünlerini berjaý etmegiň ýaş nesliň mukaddes borjy bolup durýandygyny bellediler.
Göwher KAKAGELDIÝEWA.