Bu sowal hemmeleri gyzyklandyrýan bolsa gerek. Bilermenleriň aýtmagyna görä, kadaly saglyk üçin esasy zat fiziki işjeňlik, ýagny, hereket etmegi endik edinmek. Lukmanlar her günde 10 müň ädim ýöremegiň adam saglygyna örän peýdalydygyny, köp keselleriň öňüni alýandygyny nygtaýarlar. Ýöremek arkaly ynsanyň bedeni işjeňleşýär, taplanýar, dem alyş ýollary açylýar, nerw ulgamy rahatlanýar we adam ýaramaz duýgulardan saplanýar. Emma biz gynansagam, köpimiz işimiziň köpdügini bahanalap, ýöriş etmäge, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaga wagt tapyp bilmeýäris.
Pyýada ýöremek bedenterbiýäniň giňden ýaýran görnüşi bolup, biz her ädimiň sagdynlyga alyp barýandygyny unutmaly däldiris. Çünki, adam ýörände beden synalaryna, şol sanda içki beden agzalaryna barýan ganyň akymy güýçlenip, olarda bolup geçýän madda çalşygy işjeňleşýär. Bir söz bilen aýdanymyzda, ýöremek adamyň iň ýönekeý we tebigy beden maşky hasaplanylýar.
Durmuşda ýöremegi, onda-da, çalt ýöremegi endik edinen adamlara kän gabat gelmek bolýar. Şeýle adamlaryň hemişe şähdi açyk bolýar, olar bagtyýar ýaşaýşyň hözirini görüp, sagdyn durmuşdan lezzet alyp ýaşaýarlar.
Zylyha MÄMMETNAZAROWA.