Türkmenistanyň
Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Milli Merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň
Sekretariatynyň bilelikde guramagynda «Gülüň owadan» atly bäsleşik yglan
edildi.
Golaýda
Mary welaýat häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkeziniň ýanyndaky toý
mekanynda bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Welaýat zenanlar bölüminiň
guramagynda geçirilen bu bäsleşige şäherdir etraplardan gelen ussat keçeçi
gelin-gyzlar gatnaşdylar.
Eminler toparynyň
agzalary bäsleşigiň adyndan belli bolşy ýaly, owadan gülli keçeleri taýýarlan
gelin-gyzlaryň işlerine mynasyp baha berip, ýeňijileri yglan etdiler. Netijede,
Türkmengala etrabyndan Ogulgerek Şakulyýewa 1-nji, Mary etrabyndan Ogulnur
Muhammetsaparowa 2-nji we Tagtabazar etrabyndan Äşe Öwezekowa 3-nji orunlara mynasyp
boldular.
Ýeňijilere TKA-nyň
welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 1-nji
we 2-nji orna mynasyp bolanlar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk
gazandylar.