Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe asuda Watanymyzyň nurana gelejegi bolan bagtyýar körpeler hakdaky alada ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, bagtyýar körpeleriň ylymly-bilimli, berk bedenli, sagdyn ruhly çagalar bolup ýetişmekleri üçin dünýä ülňülerine gabat gelýän, giň mümkinçilikli döwrebap mekdeplerdir, çagalar baglary gurlup ulanylmaga berilýär. Dünýäniň soňky gazanan ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen şeýle çagalar bagynyň biri hem Mary welaýatynyň Murgap etrabynda ýerleşýän 6-njy çagalar bagydyr.
Bu ýerde bagtyýar körpeleriň ýüzlerçesi, bilim işgärleriniň, tejribeli hünärmenleriň ýadawsyz päk zähmeti netijesinde ösüp kemala gelýär. Ähli amatlyklary döredilen bu çagalar bagynda okuw otaglary, sport hem-de aýdym-saz otaglary, ýatylýan otaglar ýaly birnäçe döwrebap otaglar hem bagtyýar körpeleriň ösüp kemala gelmegi üçin niýetlenendir. Çagalar baglarynda wagtlaryny hoş geçirýän bu körpeleriň arasynda yzygiderli aýdym-saz, tans, sport we surat çekmek ýaly birnäçe gyzykly bäsleşikler hem yzygiderli geçirilýär hem-de mekdebe çenli çagalaryň okuwa taýýarlyk işleri hem gyzgalaňly alynyp barylýar.
Giň mümkinçilikleri bolan bu çagalar bagynda terbiýelenýän bagtyýar körpejeler özleri üçin atalyk aladalaryny edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan çykýan alkyş hem hoşallyk sözlerini aýdýarlar.
Azat BEGLANOW.