Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar hakynda yzygiderli alada edilýär. Ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Özleri hakynda edilýän aladalara jogap edip, yhlasly okap, bilim alyp, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýan ýaşlaryň sany günsaýyn artýar. Ynha, şeýle ýaşlaryň biri hem Mary şäherindäki 27-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Tirkiş Täçmämmedowdyr.
Zehinli jigimiz T. Täçmämmedow öz geljekdäki hünärini çagalygyndan ele alan diýsek hem hakykatdan daş düşdügimiz däl. Ol matematika, zähmet, surat, proýektirlemegiň esaslary ýaly dersleri yhlas bilen okady. Tirkiş dürli zatlaryň maketini ýasamakda öz erjelligini görkezip, synpyň okuwçylaryndan tapawutlanmagy başarýar. Mekdepde geçirilýän bäsleşiklerde, çärelerde, sergilerde dürli görnüşli maket işleri bilen çykyş edip, özüniň bilesigelijiligini, ukyp-başarnygyny görkezýär. Bu okuwçynyň zehininiň bardygyny aňan mekdebiň surat mugallymy Kakamyrat Oramow Tirkiş jigimize dürli şekilleriň maketini ýasamagyň inçe syrlaryny öwredýär. Kakamyrat Oramowyň, şeýle-de, mekdebiň müdiri Jahan Saparmyradowanyň ýakyndan ýardam bermeginde Tirkiş Täçmämmedow bu hünäri ussatlyk bilen ele alýar.
Has dogrusy, ol 2024-nji ýylda “Parahatçylyk — çagalaryň sesi” atly bäsleşigiň maket ýasamak ugry boýunça welaýat tapgyrynda 2-nji orna, döwlet tapgyrynda 3-nji orna mynasyp boldy. 2025-nji ýylda ýokarda ady agzalan bäsleşigiň welaýat tapgyrynda 1-nji orna, döwlet tapgyrynda 2-nji orna mynasyp boldy. Tirkiş jigimiziň gazanan bu üstünligi özi bilen bir hatarda ene-atasyny, mugallymlaryny, diýseň, begendirdi.
Biz hem geljegiň ýaş binagäri Tirkiş Täçmämmedowa gadamlarynyň batly, ädimleriniň şowly, üstünlikleriniň dowamly bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Aýparça AKYMOWA.








