Beýik ösüşleriň, uly üstünlikleriň döwri bolan Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni toýdur-baýramlara, şatlyk-şowhuna, uly zähmet üstünliklerine beslenýär. Bu günki günde mähriban Watanymyzda bagtyýar halkymyz parahatlygyň, abadançylygyň, agzybirligiň we jebisligiň baýramy bolan şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýuna zähmet üstünlikleri, mynasyp sowgatlary bilen barýar. Garaşsyzlyk beýik ösüşler bilen öňe barýan halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň gözbaşydyr. Häzirki günlerde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde berkararlygyň we bagtyýarlygyň baýramy hökmünde giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly toýy göwünleri galkyndyryjy dabaralara beslenip ulydan toýlanylýar. Mary şäheriniň 36-njy orta mekdebinde Mary welaýat Bilim müdirliginiň we Mary welaýat Çagalar kitaphanasynyň bilelikde gurnamaklarynda halkymyzyň milli buýsanjy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. „Garaşsyzlyk – halkymyzyň hasyl bolan wysaly, Garaşsyzlyk – bagtymyzyň dünýä dolan nyşany“ ady bilen geçirlen bu dabara Mary şäher we etrap merkezi kitaphanalarynyň çagalar bölümçeleriniň kitaphanaçylary, bilim ulgamynyň wekilleri we mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Bagtyýarlyk ruhuna beslenen bu dabarada çykyş edenler Watanymyzyň özygtyýarlylygyny we berkararlygyny, halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gymmaty, halkymyza beren miweleri dogrysynda täsirli gürrüňleri etdiler. Garaşsyzlyk döretmäge kuwwat, zähmet çekmäge, gurmaga güýç, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýär. Şoňa görä-de mähriban halkymyz Garaşsyzlyk baýramyna aýratyn sarpa goýýar diýip belläp geçdiler. Şeýle-de Watanymyzyň ähli ulgamlarynda gazanylan ykdysady ösüşler, durmuş ähmiýetli desgalaryň açylyp halkymyzyň hyzmatyna berilmegi, köpugurly saglygy goraýyş merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, sport toplumlarynyň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi bolsa Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň nurana we bagtyýar geljegi üçin edýän beýik işleriniň aýdyň netijesidigini uly buýsanç bilen belläp geçdiler.
Aýnabat ANNAGURBANOWA.








