Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem 14-nji iýunda Bütindünýä donorlar güni dabaraly bellenilip geçildi. Dabarany welaýat gan banky TKA-nyň welaýat birleşmesi, TGÝMJ-niň welaýat bölümi bilen bilelikde gurady.
Dabarada welaýat gan bankynyň direktory Jemile Möwlamowa, welaýat gan bankynyň bölüm müdiri Çeper Annadurdyýewa, TGÝMJ-niň welaýat bölüminiň wekili Gunça Çaryýewa çykyş etdiler. Çykyş edenler Bütindünýä donorlar gününiň her ýyl ýurdumyzda bellenilip geçilýändigi, ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatyň rowaçlanýandygy, ynsan saglygy hakynda yzygiderli alada edilýändigi, ganyň peýdasy hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Dabarada donorlara TKA-nyň welaýat birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Aýparça AKYMOWA.