Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri.Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan diýarmyzda täze okuw ýylly uly dabaralara beslenip başlady. Türkmen Halkynyň Milli Lideri , Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar bilen geçiren taryhy umumy sapagy ähli bilim ojaklarynda uly ruhubelentlik döretdi. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet Energetika Institutynda hem dabaraly maslahat geçirildi. Diýarmyzyň Mary welaýatynda ýerleşýän Türkmen Döwlet Energetika institutynda geçirilen maslahata institutyň professor – mugallymlary, talyp ýaşlary hem-de jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri uly işjeňlik bilen gatnaşdylar. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň taryhy sapakda öňe sürilen nesihatlarynyň, watançylyk , ylym-bilim,ahlak arassalygy hem-de zähmet söýerlik baradaky pentleriniň ýaş nesil üçin egsilmez ylham çeşmesi bolup hyzmat edýändigini barada durnukly nygtadylar we ýol ýörelge bolup hyzmat edýändigini öňe sürdi. Dabaranyň dowamynda bu ýokary okuw jaýynyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň talyplary özleriniň çykyşlaryny görkezdiler. Bu dabarada ýerine ýetirilen çykyşlarda gözellige beslenýän ata Watanymyz, Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym, bilim ulgamyny ösdürmekde alyp barýan rowaç işleri, türkmen ylmynyň ösüşleri hem-de bagtyýarlyk döwrümiz giňden wasp edildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda ylymyň dünýä derejesinde ösdürmekde we belent sepgitlere ýetmegi,ýaş nesilleriň ylymly- bilimli, ýokary hünärli bolup ýetişmekleri üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri we atalyk aladalary üçin Hormatly Prezidentimize şeýle-de Milli Lidermize Gahryman Arkadagymyza özleriniň çuňňur minnetdarlyklaryny we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Ülker Orazgeldiýewa.








