Hormatly Prezidentimiz nesil terbiýesinde ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgesine eýermek bilen, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen giň möçberli işlere badalga berýär. Şu wezipede bilim işgärlerini taýýarlamak, olaryň hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Sebäbi, geljekde ýaş nesle bilim-terbiýäniň derejesi şu günki günde bilim alýan talyplara — geljekki mugallymlara berilýän ylym-bilimiň derejesine baglydyr.
Mugallymçylyk mekdebimizde talyp ýaşlara bilim berip, hünär öwretmekde degerli işler bitirilýär. Multimediýa tagtalary we okuw-görkezme esbaplary bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglarymyzda bolsa, talyplara döwrüň ösen talaplaryna laýyk bilim bermäge we hünär öwretmäge ähli mümkinçilikler bar. Mugallymçylyk mekdebimiziň mugallymlarynyň paýyna iňňän jogapkärli wezipäniň düşýändigi äşgär hakykat. Şonuň üçinem biz geljekki bilim işgärleriniň ýokary taýýarlykly hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda ykjam aladalanýarys. Men talyp ýaşlara tebigy bilimler boýunça bilim berip, geçilýän sapaklaryň täsirliligini gazanmaga çalyşýaryn. Olaryň geçilýänleri ymykly özleşdirmeklerine uly ähmiýet berýärin. Sapagyň gyzykly geçilmegi onuň täsirliligini ýokarlandyrýar. Multimediýa tagtalaryndan, okuw-görkezme esbaplaryndan ýerlikli peýdalanylmagam işiň netijesine oňyn täsirini ýetirýär.
Ajap eýýamymyzyň ýokary taýýarlykly bilim işgärlerini ýetişdirmekde ähli tagallalary edýäris. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny zähmet üstünliklerine beslemek maksady bilen döredijilikli zähmet çekýäris.
Sülgünjemal GURBANOWA.








