Bilimiň ösen ýerinde ýurduň binýadam berkden tutulýandyr. Çünki, ata Watanymyzyň geljegi bilimli-ylymly ýaşlaryň elindedir. Sowatly ýaş nesilleri kemala getirmek bolsa biz — mugallymlaryň esasy maksadydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalaryndan ugur alyp, ýaş nesillerimize ýokary derejede bilim berýäris. Olaryň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmakda hem irginsiz zähmet çekýäris. Olaryň arasynda dürli bäsleşikleri gurap, okuwçylaryň aň-düşünjesiniň has-da ýokarlanmagy ugrunda aladalanýarys. Şeýle-de, okuwçylaryň dil endigini ösdürmekde yhlasymyzy gaýgyrmaýarys. Olaryň dürli dillerde oňat gürläp, pikir alşyp bilmegi üçin birnäçe görkezme esbaplaryndan, audio, wideo ýazgylaryndan peýdalanyp, bilim berýäris. Şeýle yhlasly zähmetimiz oňat netijesini hem berýär. Mekdebimiziň okuwçylary ders bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemegi başarýarlar. Munuň özi ýaş nesillerimiziň bilimli, sowatly bolmagy üçin alyp barýan işlerimiziň datly miweleridir.
Guwanç ANNAGULYÝEW.








