Ekologiýa abadançylygy — eşretli ertirimiz
weather mary 7° C Mary
weather mary 7° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Ekologiýa abadançylygy — eşretli ertirimiz

271 18.06.2025

Ata Watanymyzyň gözel tebigatynyň haýwanat we ösümlik dünýäsini aýawly saklamak, ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak hemişe derwaýys mesele bolmagynda galýar. Sebäbi, tebigatymyzyň haýwanat we ösümlik dünýäsine aýawly çemeleşip, bu gymmatlylygy geljekki nesillere ýetirmek şu günki günde öňümizde durýan jogapkärli wezipedir. Hormatly Prezidentimiz bu wajyp meseläniň oňyn çözgüdine uly ähmiýet berip, bu babatda degerli wezipeleri öňde goýýar.
Ýurdumyzyň gözel tebigatyny goramagyň kanunçylyk-hukuk ýagdaýy kämilleşdirilýär. Bu bolsa gaýtalanmajak tebigatymyzyň aýawly saklanylmagynyň, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmagyň, suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmagyň we çölleşmegiň öňüniň alynmagynyň bähbitli çözgütlerine ýol açýar. Şeýle hem ýurdumyzda geçirilýän bag ekmek dabaralaram gowy netijesini berýär. Şu ählihalk çäreleriň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekdäki ähmiýetine Diýarymyzyň çar künjeklerinde peýda bolýan tokaý zolaklary, bagy-bossanlyklar şaýatlyk edýär. Bag ekmegi sogaply iş hasaplaýan halkymyz abadan ertirine ynamly barýar.
Arzygül ATAJANOWA.

17
17 09.12.2025
Bitaraplyk mekany-baky bagyň mukamy

Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň hem-de Marydaky Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde gurnamagynda  ,,Bitaraplyk mekany-baky bagyň mukamy“ atly maslahat geçirilip, oňa institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.  Maslahatda halkara gatnaşyklarynyň durnukly hem dostlukly häsiýete geçmeginde ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti, türkmen Bitaraplygyna halkara derejesiniň berilendigi we Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda diýarymyzyň at-abraýynyň dünýä ýüzünde dabaralanýandygy barada çuň we manyly gürrüňler edildi. Bu ýerde çykyp geplänler okatmagyň döwrebap usullary we bilim ulgamynda informasion tehnologiýalary ulanmagyň düzgünleri dogrusynda-da aýratyn nygtadylar.  Bu ýerde talyp ýaşlaryň döredijilik toparlarynyň erkana Watanymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy we ýaşyl joşgununy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlaryna hem uly orun berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza akyş sözlerini aýdyp, baýramçylyk sowgatlaryny gowşurdylar. Maýa Annameredowa.

18
18 09.12.2025
Pälwanlaryň üstünligi

Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde guwançly sepgitlere eýe bolunýar. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap stadionlarda, sport mekdeplerinde we sport desgalarynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga, türgeleriň ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrmaga ähli mümkinçilikler bar. Muňa biziň sport mekdebimizde bitirilýän işleriň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.  Mekdebimizde men ýaş türgenleriň ençemesine erkin göreş boýunça tälim berip, olaryň dürli ýaryşlarda baýrakly orunlary eýelemekleri ugrunda aladalanýaryn. Şeýle yhlas-tagallam ýerine-de düşýär. Golaýda erkin göreş boýunça welaýatyň birinjiligini almak ugrunda geçirilen ýaryşda türgenlerimiz Serdar Orazow, Eziz Şageldiýew degişlilikde 2-nji we 3-nji orunlary eýelemegi başardylar. Şu günler bolsa türgenlerimiz ýakyn wagtlarda geçiriljek welaýatyň birinjiligini almak ugrundaky ýaryşa ykjam taýýarlyk görýärler. Şu günlerki yzygiderli türgenleşiklerimiz öňde durýan ýaryşda-da şowly çykyşlara ynam döredýär. Abdyresul NEPESOW.

15
15 09.12.2025
Öwüt-ündew edildi

Ýakynda Ýolöten etrap kazyýetiniň mejlisler zalynda etrap häkimliginiň, etrap prokuraturasynyň, etrabyň polisiýa bölüminiň, etrap kazyýetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.  Çärede etrap häkimliginiň hukuk-maslahatçysy Oguljennet Baýhanowa, etrabyň ymamy Serdar Babaýew, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bölüm müdiri Jennet Orazowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow, TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda raýatlaryň arasynda ýüze çykýan nogsanlyklaryň öňüni almak, şeýle-de, milliligimizi ösdürmek, tertip-düzgünleri berjaý etmek dogrusynda alnyp barylýan işler barada durup geçdiler.  Muhammetýaz SEÝITGULYÝEW.

15
15 09.12.2025
Duşuşyk geçirildi

Golaýda Mary etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň hem-de TZB-niň etrap bölüminiň bilelikde guramagynda “Ýaşlar — Watanymyzyň guwanjy we buýsanjy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrabyň S. Türkmenbaşy şäherçesindäki “Altyn yşyk” medeniýet öýünde geçirilen bu çärä syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleridir işjeň agzalary, bilim, saglyk, medeniýet ulgamlarynyň we geňeşlikleriň wekilleri gatnaşdylar. Wagyz-nesihat duşuşygynda etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Bahar Hojamgulyýewa, etrabyň Jemgyýet geňeşliginiň ýaşaýjysy, pensioner Çarymyrat Saparow, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy, etrap zenanlar bölüminiň başlygynyň orunbasary Täzegül Pirsýanowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Yklymmyrat Tuwakmyradow, etrapdaky 29-njy orta mekdebiň müdiri Maksat Mämmäýew çykyş etdiler. Çykyşlarda olar sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly, ýokary ahlakly, watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olara ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimizi, milli däp-dessurlarymyzy öwretmek barada giňişleýin durup geçdiler. Muhammetgylyç NEPESOW.

13
13 09.12.2025
Täsirli geçdi

Ýakynda TDEI-de Türkmenistanyň Içeri işler, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, TDP-niň Syýasy Geňeşiniň, TKA-nyň Milli Merkeziniň, TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň meýilnamasyna laýyklykda talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa institutyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hem-de Täze ýyl baýramçylygynyň uly ruhubelentlige beslenip bellenilýän günlerinde talyp ýaşlaryň geçirilýän baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşmaklaryny, okuw derslerini kämil özleşdirmeklerini, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini, ýol hereketiniň howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmeklerini gazanmaga gönükdirilen bu duşuşyk örän täsirli geçdi. Çykyş edenler talyp ýaşlarda ata Watanymyza, BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk derejämize, döwlet nyşanlarymyza bolan guwanjy, buýsanjy has-da artdyrmakda alnyp barylýan işler barada durup geçdiler. Duşuşyga gatnaşanlar ýaşlarymyza okamaga, hünär öwrenmäge, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Myrat ATAÝEW.

50
50 08.12.2025
Şatlyk-şowhuna beslenen baýramçylyk

Toýlary toýlara ulaşýan eziz diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda asuda, abadan durmuşymyzyň  her bir güni uly üstünliklere, toý baýramlara beslenýär. Üstümizdäki “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem toý-baýramlara, ösüşlere  baý ýyl bolmak bilen bu ýylda ulydan toýlanjak hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna bagyşlanan dabaralar hem ýurdumyzyň ähli ýerleri bilen bir hatarda Mary welaýatymyzda-da giň gerime eýe bolýar. Şeýle şatlyk-şowhuna beslenen baýramçylyk dabaralarynyň biri-de Baýramaly şäheriniň ajaýyp toý-dabaralar merkezinde şäher we etrap häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň şäher, etrap birleşmeleriniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşmesiniň şäher, etrap bölümleriniň bilelikde gurnamagynda “Hemişelik Bitaraplygymyz – buýsanjymyz hem-de guwanjymyz” ady bilen geçirildi. Dabara Baýramaly şäher hem-de etrap jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, syýasy partiýalaryň wekilleri, bilim ulgamynda zähmet çekýän işgärler we mugallymlar gatnaşdylar. Dabarada aýdymdyr-sazlar, joşgunly tanslar tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna utgaşyp baýramçylyk joşgunyny emele getirdi. Baýramaly şäher, etrap medeniýet merkezleriniň bagşydyr sazandalarynyň, çagalar sungat mekdebiniň ýaşajyk aýdymçylarynyň, hor toparynyň ýerine ýetiren aýdymlary, tans we döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary toý joşgunyna has-da öwüşgin goşdy. Medeniýet we sungat ussatlarynyň dürli dillerde ýerine ýetiren aýdymlaram dabara gatnaşanlaryň has-da göwnüni göterdi. Tans toparlarynyň ýerine ýetiren daşary döwletleriň milli tanslaram ýatdan çykmajak pursatlary özünde jemledi. Ýaňlanan belent heňli aýdymlarda asuda, abadan durmuşumyz, ösüşleriň ak ýolunda öňe barýan parahat Watanymyz, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegi ugrunda ýola goýýan beýik işleri, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de Hemişelik Bitaraplygymyz uly joşgun bilen wasp edildi. Dabara gatnaşanlar halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda, dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçulyk gatnaşyklaryny ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiz, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler. Azat Beglanow.

58
58 05.12.2025
Täsirli maslahat

Mary lukmançylyk orta okuw mekdebinde geçirilen wagyz-nesihat çäresi hem çuň manyly çykyşlara baý boldy. Bu wagyz-nesihat çäresinde çykyş eden welaýatyň hukuk goraýjy edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan ösüşler we üstünlikler, şeýle hem ýaşlar bilen bagly kada-kanunlaryň doly we dogry berjaý edilmelidigi dogrusynda durup geçdiler. Ynsan saglygyna zeper ýetirýän zyýanly serişdeler we olary sagdyn jemgyýetimizde ýok etmeklige garşy köpçülikleýin alnyp barylýan işler dogrusyndaky gürrüňler hem wagyz-nesihat çäresiniň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Bu ýerde çykyş edenler ahlaklylyk, dogruçyllyk, halallyk we zähmetsöýerlilik ýaly ynsana mahsus bolan ajaýyp gyzlyk häsiýetler barada hem aýdyp, ýaşlara ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny, il-güne gerekli, Watana wepaly, hünärine ökde ýaşlar bolmaklaryny öwran-öwran nygtadylar. Merjen Çaryýarowa.

27
27 04.12.2025
Senagat  kärhanalarynda ýangyn  howpsuzlygy

Habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň Mary şäher ÝHB-niň müdiriniň işgärler boýunça orunbasary, içerki gullugyň podpolkownigi Röwşen SALAROW bilen duşuşyp, senagat kärhanalarynda ýangyn howpsuzlygynyň kadalary barada gürrüň bermegini haýyş etdi. — Türkmenistanyň “Ýangyn howpsuzlyk hakynda” Kanunynyň talaplaryna laýyklykda, senagat kärhanalarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek jogapkärçiligi şol kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň üstlerine ýüklenilýär. Kärhana täze işe girenler bilen ýangyn howpsuzlygyndan gözükdirme geçirilmelidir. Kärhananyň hemme binalaryna we desgalaryna päsgelçiliksiz barar ýaly şert döredilmelidir. Binalaryň, desgalaryň, çig mallaryň we harytlaryň üýşürilen ýerleriniň ýangyn ýodalaryny ýapmak gadagandyr. Kärhananyň çägi we önümçilik meýdançalary ýangyn howply zir-zibillerden we önümçiligiň galyndylaryndan arassalanan bolmalydyr. Kärhananyň çäginde ýangyn howply galyndylary açyk görnüşde saklamak gadagandyr. Olaryň saklanmagy üçin biri-biriniň arasy 100 metr aralykdan golaý bolmadyk, üsti gapakly (ýapylýan) demir gutular oturdylmalydyr. Galyndylar tozgalandyrmaýan ýöriteleşdirilen awtoulaglarda, gaplarda kärhananyň çäginden çykarylmalydyr.  Adamlaryň halas ediş ýollarynda hiç hili päsgelçilik bolmaly däldir. Ikinji halas ediş gapylaryny gulplamak, çüýlemek gadagandyr, olar diňe içinden kilt bilen ildirilmelidir. Senagat kärhanalarynyň önümçilik sehlerinde, edara jaýlarynda we binalarynda ýangyn dörände adamlary halas etmegiň meýilnamasy çyzylyp, görnükli ýerde asylyp goýulmalydyr. Olaryň çäginde açyk ot ýakmak, çilim çekmek, wagtlaýyn elektrosimleri, näsaz elektrik enjamlary ulanmak gadagandyr. Senagat kärhanalarynyň çägindäki suw howuzlary elmydama arassa, içi suwdan doly ýagdaýda saklanmalydyr, olaryň ýanyna ýangyn söndüriji ulaglary päsgelçiliksiz barar ýaly bolmalydyr, içki ýangyn kranlary ýangyn suw geçirijileri, suw pürküjileri bilen üpjün edilmelidir we ýörite gutularda saklanylmalydyr. Ýangyna garşy gurallary, enjamlary başga maksatlar üçin ulanmak gadagandyr. Senagat kärhanalarynyň binalaryndaky, önümçilik sehlerindäki, ammarlaryndaky agaç konstruksiýalar oda durnukly düzüm bilen işlenip geçilmelidir. Gürrüňi ýazga geçiren Baýram AMANOW.

29
29 04.12.2025
Farabynyň  parasatly  sözleri

Sabyr-takatly bolmak gyssanmaç ýagdaýda bir netijä gelip, soňra masgara bolmakdan halas eder. Kanagatlylyk we sabyr-takatlylyk erkinligiň esasy sütünidir. Nebis adamy masgaraçylyga eltse, kanagatlylyk diňe abraý getirer. Ynsanyň ähli edýän işleri, ilki bilen, onuň pikirinde döreýändir. Akylly adam özüne dost tutunmalydyr we çaganyň ýaşlygyndan terbiýelenişi kimin ýa-da ýaňy düýp tutan nahalyň idedilişi kimin, ony diňe ýagşy işlere gönükdirmelidir. Kimdir birinden üstün çykmak üçin ol adamyň aýbyny gözlemegin! Aýp gözlemek ejiz adamyň we namardyň işidir. Özüniň nebsini ýeňip, kimdir birine ýardam berip, eden ýardamyna derek hiç bir zat islemeýän adam sahy adamdyr. Ýaşaýşy, durmuşy, özi hakyndaky ýagşy ýatlama çalşyp bilýän adam edermendir. Ynsan ynanç bilen ýaşamalydyr. Ynsanyň ähli häsiýetleri jübütdir. Ýagşylygyň ýanynda ýamanlyk, adalatyň ýanynda zulum, gaharyň ýanynda bolsa rehimdarlyk bardyr. Nebis ynsany rahatlykdan we asuda ýaşaýyşdan jyda düşürer. Adamyň gylyk-häsiýeti onuň terbiýe alan maşgalasyna mahsusdyr. Dogry sözlülik päk kalpda orun tutýandyr. Dogry sözli adamlar adamlaryň arasynda uly abraýdan peýdalanýandyrlar. Pikirdeş adamlarda biri-birine gapma-garşylyk ýüze çykmaz. Pikiriňi diňe özüňe pikirdeş we goldajak adamlaryň arasynda aýt. Akyl haýyr-yhsan işleriniň çeşmesidir. Taýýarlan Penji DURDYÝEW.

15
15 09.12.2025
Öwüt-ündew edildi

Ýakynda Ýolöten etrap kazyýetiniň mejlisler zalynda etrap häkimliginiň, etrap prokuraturasynyň, etrabyň polisiýa bölüminiň, etrap kazyýetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.  Çärede etrap häkimliginiň hukuk-maslahatçysy Oguljennet Baýhanowa, etrabyň ymamy Serdar Babaýew, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bölüm müdiri Jennet Orazowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow, TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda raýatlaryň arasynda ýüze çykýan nogsanlyklaryň öňüni almak, şeýle-de, milliligimizi ösdürmek, tertip-düzgünleri berjaý etmek dogrusynda alnyp barylýan işler barada durup geçdiler.  Muhammetýaz SEÝITGULYÝEW.

15
15 09.12.2025
Duşuşyk geçirildi

Golaýda Mary etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň hem-de TZB-niň etrap bölüminiň bilelikde guramagynda “Ýaşlar — Watanymyzyň guwanjy we buýsanjy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrabyň S. Türkmenbaşy şäherçesindäki “Altyn yşyk” medeniýet öýünde geçirilen bu çärä syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleridir işjeň agzalary, bilim, saglyk, medeniýet ulgamlarynyň we geňeşlikleriň wekilleri gatnaşdylar. Wagyz-nesihat duşuşygynda etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Bahar Hojamgulyýewa, etrabyň Jemgyýet geňeşliginiň ýaşaýjysy, pensioner Çarymyrat Saparow, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy, etrap zenanlar bölüminiň başlygynyň orunbasary Täzegül Pirsýanowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Yklymmyrat Tuwakmyradow, etrapdaky 29-njy orta mekdebiň müdiri Maksat Mämmäýew çykyş etdiler. Çykyşlarda olar sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly, ýokary ahlakly, watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olara ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimizi, milli däp-dessurlarymyzy öwretmek barada giňişleýin durup geçdiler. Muhammetgylyç NEPESOW.

29
29 04.12.2025
Ynanyşmak — halklaryň bähbidine

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan durnukly ösüş depgini halkara abraýynyň täze belentliklere çykýandygy bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu guwançly ýagdaý hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýöredýän öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň uly üstünliklere beslenýändigini doly subut edýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwlet Baştutanymyzyň Garaşsyz Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp ýöredýän parasatly daşary syýasaty rowaçlanýar. Öňe sürülýän umumadamzat bähbitli beýik başlangyçlarda halkara abraýy täze belentliklere çykýar. Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden yglan edýän başlangyçlary adamzadyň bähbidine gönükdirilendir. Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň özenini bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, ynanyşmagy, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak düzýär. Halkara ähmiýetli şeýle tagallalaryň giň gerime eýe bolup, dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýandygy buýsandyrýar.  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde tutýan orny barha pugtalanýar. Çünki, Türkmenistanyň adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen beýik başlangyçlary uly goldaw tapýar. Gadymy halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän parahatçylyksöýüjilikli, ynanyşmak we ynsanperwerlik ýörelgeleri döwletimiziň daşary syýasatynda möhüm orna eýe bolýar we rowaç alýar. Arslan ÇARYÝEW.

32
32 04.12.2025
Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şygaryndan äşgär bolşy ýaly, üstümizdäki ýyl halkara ähmiýetli wakalary bilen dabaralanýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň üçünji gezek biragyzdan kabul edilmegi şanly ýylymyzyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň guwançly miwesidir.  Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolanyna 30 ýyla golaý geçen döwrüň içinde Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk taglymaty täze many-mazmun bilen baýlaşdy. Dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmakda, birek-birege hormat goýup, deňhukukly hyzmatdaşlygyň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine oňyn täsiri ýokarlandy. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň halkara at-abraýy hil taýdan täze derejelere çykdy. Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolan Türkmenistanymyzyň kanunçylyk-hukuk binýady ählumumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda kämilleşdirildi. Döwletimiziň Bitaraplygy halkymyzyň parahat, asuda durmuşda abadançylygynyň ygtybarly kepilidigi il-günümiziň guwanjyny goşalandyrýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylyksöýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň däplerine wepaly bolan türkmen halkynyň gadymy milli däpleriniň esasydyr. Garaşsyz Türkmenistanyň halkara abraýy, öňe sürýän oňyn başlangyçlary sebit boýunça goňşy we dünýäniň dürli döwletleri bilen özara bähbitli we deňhukukly işjeň hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge mümkinçilik berýär. Ali RAHMEDOW.

58
58 04.12.2025
Şan-şöhratly  menziller

Garaşsyz, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine buýsanyp ýaşaýan türkmen halkynyň her bir güni şanly senelere, taryhy wakalara beslenýär. Ýurdumyzyň ähli pudagynda uly ösüşlere eýe bolunýar. Ata Watanymyzyň ösüşli menzillere rowana bolmagy ugrunda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen uly işler ýola goýulýar. Şol sanda, halkara gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagy ugrunda ençeme işler durmuşa geçirilýär.  “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylan ajaýyp ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyz barha berkeýär. Şu ýylyň dowamynda hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň birnäçe döwletlere amala aşyran iş saparlary häzirki wagtda alnyp barylýan ykdysady, diplomatik hyzmatdaşlyklarynyň mundan beýläk-de rowaç aljakdygyna doly şaýatlyk edýär. Munuň özi ýurdumyzda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, işjeň hem hoşniýetli hyzmatdaşlyklaryň geljekde has-da pugtalandyrylmagynda uly ähmiýete eýedir. Amandurdy ŞADYÝEW.

38
38 30.11.2025
Baky bagtyň binýady

 Özüniň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň toýuny giňden toýlaýan Garaşsyz Watanymyz taryh üçin uzak bolmadyk döwürde bitaraplyk, dost- -doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri bilen halkara derejesinde uly abraý-mertebe gazandy. Häzirki wagtda döwletimiziň daşary syýasatda öňe sürýän parahatçylyksöýüjilikli ynsanperwer ýoly dünýä ýüzünde giň goldawa eýe bolýar.   Türkmenistan döwletimiziň bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge we beýleki möhüm ugurlara gönükdirilen başlangyçlary rowaçlyklara beslenýär. Dünýä döwletleri bilen dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, sebitde hem dünýäde ýüze çykýan meseleleri çözmek üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça ýurdumyzyň halkara derejesindäki orny has-da pugtalanýar. Täze taryhy eýýamda bitaraplyk ýörelgelerine daýanýan hoşniýetli daşary syýasatymyz üstünlikli dowam etdirilýär.   Goý, halkymyzy rowaçlyklaryň ýoly bilen öňe alyp barýan, bütin dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň pugtalanmagy ugrundaky tagallalaryň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagyna mynasyp goşant goşýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, at-abraýlary mundan beýläk-de belent bolsun! Myratgeldi ÇARYÝEW.

35
35 30.11.2025
Rowaç ýolumyzyň röwşen şuglasy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň üçüsi bilen ykrar edilen Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy taryhy ähmiýete eýedir. Döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesi döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň özenini düzýär. Şu syýasatyň netijesinde döwletimiz parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyryp, döwletleriň arasynda deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty halkara abraýynyň ýokarlanmagyna netijeli täsirini ýetirýär. Parahatçylyk hakynda gürrüň açylanda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly ajaýyp goşgusyndaky:  Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr —  — diýen setiri ýadyňa düşýär. Hakykatdanam, parahat, asuda, abadan durmuş geljekki nesillere iň mukaddes mirasdyr. Şonuň üçinem döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallalary bilen bütin dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy ugrunda tutumly işleriň bady artýar. Çünki, durnukly ösüş ýoly gözbaşyny parahatçylykdan alyp, abadan geljegimiziň ygtybarly kepili bolup hyzmat edýär. Bilşimiz ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna 30 ýyl dolýar. Şu taryhy senä taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. Halkara derejesinde toýy uludan tutuljak bu taryhy sene Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň şan-şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylar.  Atamyrat KÖSSEKOW.

35
35 30.11.2025
Parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty üstünliklere beslenýär. Watanymyzyň şowly gadamynyň bady Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da rowaçlanýar. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasaty umumadamzat bähbitli başlangyçlarda uly gyzyklanma döredýär.  Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özenini parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri düzüp, ol sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmakdan, ýurtlaryň we halklaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy we gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslarynyň döwrebap kanunçylygy kabul edildi. Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň kabul edilmegi gürrüňi edilýän meselede möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu Konstitusion Kanun hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslaryny hem-de onuň halkara gatnaşyklarynda durmuşa geçirilmeginiň ýörelgelerini we maksatlaryny kesgitleýär. Şu Konstitusion Kanunda kesgitlenilişi ýaly, gürrüňi edilýän syýasat Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” hakynda Türkmenistanyň Konstitusion Kanunyna we şu Kanuna esaslanýar. Şeýle hem şu Kanun halkara ähmiýetli maksatlara eýerýär. Bu möhüm resminama Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirilmegine giň mümkinçilige ýol açjakdygy guwandyrýar.  Şu günler türkmen ili taryhy waka — Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna taýýarlyk görýär. Halkara derejesinde belleniljek baýramçylyga mynasyp zähmet sowgatly barmak bolsa, jana-jan borjumyzdyr. Akmuhammet BEKMYRADOW.

31
31 30.11.2025
Ýaşasyn parahat durmuş

     Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Mary welaýatnda hem Hemişelik bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli dabaralara we maslahatlara giň gerim berilýär. Mary myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Mary welaýat we Mary şäher komitetleriniň gurnamaklarynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli maslahat geçirildi. ,,Ýaşasyn parahat durmuş” atly bu maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap Halk maslahatlarynyň agzalary, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Mary welaýat we Mary şäher komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen maslahatyň dowamynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli gutlaglar aýdylyp, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan hoşniýetli we ynsanperwer daşary syýasatlary, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi, halkara guramalary bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyklar, döwletimiziň halkara derejesidäki abraýy barada durlup geçildi. Şeýle-de Hemişelik Bitaraplygymyzyň saýasynda ýurdumyzda gazanylýan ykdysady ösüşler we ýetilýän belent sepgitler barada buýsançly gürrüňler edildi. Şanly sene mynasybetli geçirilen maslahatyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.   Toýmyrat Gurbanow. 

1089
1089 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

881
881 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

1129
1129 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

981
981 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1015
1015 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

1082
1082 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

833
833 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

992
992 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2025 | Ähli hukuklar goragly.