Ýakynda mekdebimiziň mejlisler zalynda welaýat, Mary şäher zenanlar bölümleriniň, welaýat saglygy goraýyş we baş bilim müdirlikleriniň, welaýatymyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga mekdebimiziň mugallymlary we talyp gyzlary gatnaşdylar.
Wagyz-nesihat duşuşygynda şäher häkiminiň orunbasary, şäher zenanlar bölüminiň başlygy Bahar Torumowa, şäheriň ýaşaýjysy, mährem ene Aýna Allanowa, TDP-niň şäher komitetiniň bölümçe müdiri Gülnahal Muhammetamanowa we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyşlarda ýaşlaryň edep-terbiýeli, arassa ahlakly, sagdyn ruhly, ylym-bilimli, kämil adamlar bolup ýetişmekleri, türkmen gelin-gyzlarynyň maşgala mukaddesligine ygrarly bolmaklary, milliliklerimize eýermekleri dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.
Duşuşygyň ahyrynda gyz-gelinleriň bagtyýar durmuşy barada uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Güljan AÝLYÝEWA.








