Ýakynda şeýle at bilen Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebimizde türkmen dili we edebiýat hepdeligi mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga şahyr zenanlar, mekdebimiziň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Duşuşykda şahyrlar — Murgap etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň mugallymy Aýnäzik Esenowa, «Maru — şahu jahan» gazetiniň uly habarçysy Bahargül Mejidowa we mekdebimiziň mugallymy Nartäç Ýusupdurdyýewa täsirli çykyş etdiler. Olar dürli temada ýazan goşgularyny uly joşgun bilen okadylar. Şeýle hem şol goşgularyň her biriniň döreýşi barada gyzykly gürrüň berdiler. Mekdebimiziň mugallymy Nartäç Ýusupdurdyýewanyň degişme äheňinde we bir harpdan döreden goşgulary duşuşyga gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Soňra talyp ýaşlar şahyrlaryň döredijilik dünýäsi bilen içgin gyzyklanyp, sowal-jogap alyşdylar. Mekdebimiziň mugallymy Oguljan Handurdyýewa we talyby Täzegül Batyrowa şahyrlara okap beren täsirli goşgulary üçin sagbolsun aýtdylar hem-de döredijilik äleminde uly üstünlikleri arzuw etdiler.
Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda türkmen edebiýatynyň dünýä ýaýylmagy, halypa-şägirtlik ýolunyň ösdürilmegi, ýazyjy-şahyrlaryň döredijilikli işlemegi üçin giň ýol açyp beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Bilbil GARRYÝEWA.








