Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy”, şeýle hem “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” ýaly resminamalar kämil ýaş hünärmenleri taýýarlamagyň kanuny binýadyny berkidýär. Bu Konsepsiýanyň düzgünlerini talabalaýyk ýerine ýetirmek üçin zerur bolan ähli şertler we mümkinçilikler ýurdumyzyň bilim edaralarynda döredilendir. Häzirki zaman dünýäsinde sanly tehnologiýalaryň ösmegi bilen daşary ýurt dillerini öwrenmegiň we öwretmegiň usulyýeti has-da kämilleşdi we ýeňilleşdi.
Bilim ulgamynda zähmet çekýän hünärmenler, mugallymlar okatmagyň, ýaş nesle bilim hem terbiýe bermegiň inçe we täze usullaryny gözleýärler. Olar innowasion tehnologiýalaryndan peýdalanyp, ýaş nesilleriň bilim derejesini artdyrýarlar. Häzirki wagtda daşary ýurt dillerini ýaşlara öwretmekde giň mümkinçilikler döredilýär. H.Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebimizde talyp ýaşlara daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýär. Olaryň arasynda dil hepdelikleri, çekeleşikli bäsleşikler yzygiderli guralýar. Bu zatlaryň ählisi bolsa, olaryň kämilleşmegine ýardam edýär.
Zöhre REJEBOWA.








