Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde netijeli işler amala aşyrylýar. Muňa döwlet Baştutanymyzyň okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň Meýilnamasyny tassyklamagy hem şaýatlyk edýär. Bu resminama laýyklykda, ýaş nesle bilim-terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär.
Ajap eýýamymyzyň ýaş nesline durnukly bilim, döwrebap terbiýe bermeklige goşantly bolmak her bir bilim işgärleriniň jana-jan borjudyr. Şu borç duýgusyndan ugur alyp, ösüp gelýän nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde ähli tagallalary edýäris. Okuwçylara rus dili dersinden sapak bermek bilen, olaryň bu dili göwnejaý öwrenmeklerini gazanyp, sapaklaryň gyzykly geçilmegi ugrunda aladalanýarys. Dogrusy, sapak täsirli guralanda okuwçylaryň geçilýän temalary düýpli özleşdirmeklerine ýardam edýär. Dil öwredilende audio-wideo tehniki serişdelerinden, okuw-görkezme esbaplaryndan peýdalanylmagam gowy netijesini berýär. Okuwçylaryň sapaga işjeň gatnaşyp, öwredilýän dilde düşünişmäge çalşylmagy, rus dilinde sowal-jogap alşylmagy hem bähbitli bolýar. Şol bir wagtda okuwçylara köp dilleri bilmegiň geljekde özleriniň durmuşynda uly mümkinçilikleri açýandygyny ýatda galarlykly düşündirýäris. Açyk sapaklaryň yzygiderli guralmagy okuwçylarda rus dilini öwrenmäge uly höwes döredýär. Mekdebimiziň mugallymlary üstümizdäki Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny uly üstünliklere beslemek maksady bilen tutanýerli zähmet çekýärler. Döredijilikli zähmet bolsa, ýeňşe ýetirýär.
Akjagül ÖWEZMÄMMEDOWA.








