Sen meniň mydarym,
Baýlygym,
Barym.
Ençe aýdyr senden habar ýok, ýarym.
Azaldy umydym,
Gaçdy kararym!
Ara daş bolsa-da,
Özüň daşlaşma!
Söwer ýarym, söýgi bilen hoşlaşma!
Doýan ýokdur söwer ýardan,
Söýgüden,
Gutar meni bu hasratly gaýgydan.
Synamyzda söýgi ody sönmesin!
Ara daş bolsa-da,
Özüň daşlaşma!
Söwer ýarym, söýgi bilen hoşlaşma!
Aňsat däldir tapmak ýürek taýyny,
Aşyk gözlär öz nurana Aýyny.
Arman edäýmäli ýeneki bir gün...
Ara daş bolsa-da
Özüň daşlaşma!
Söwer ýarym, söýgi bilen hoşlaşma!
Ata ATAJANOW.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.