Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan “Daşary ýurt dillerini öwrenmek döwrüň talabydyr” atly bäsleşigiň Mary welaýat tapgyry geçirildi. Mary welaýat baş bilim müdirliginiň hem-de Ýaşlar guramasynyň Mary şäher geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Mary şäherinde ýerleşýän 21-nji çagalar bagynda geçirilen bu bäsleşige, onuň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan bilim işgärleri gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasyndan” ugur alyp hem-de “Türkmenistanda umumy bilim maksatnamalary boýunça okatmagy kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna” laýyklykda döredijilikli zähmet çekýän hünärine ussat bilim işgärlerini ýüze çykarmak we mugallymçylyk işlerini işjeňleşdirmek arkaly çagalara berilýän daşary ýurt dilleriniň biliminiň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşige gatnaşan bilim işgärleri özleriniň baý iş tejribelerini dürli görnüşli okuw görkezme esbaplarynyň üsti bilen, şeýle hem innowasion tehnologiýalardan ýerlikli peýdalanmak arkaly çagalara dil öwretmegiň ösen usullaryny giňişleýin düşündirdiler. Dürli oýunlary we oýnawaçlary oýnamak bilen çagalarda dil baýlygyny ösdürmekde, olaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekligine bolan höwesini artdyrmak bilen bagly guralan okuw sapaklaram diýseň täsirli boldy. Bilim işgärleriniň iş pursatlaryndan görkezilen wideo ýazgylar hem olaryň iş tejribelerini baýlaşdyrýandyklaryny aýdyňlygy bilen görkezdi. Bu günki bäsleşikde üstünlikli çykyş edip has tapawutlanan mugallymlara Mary welaýat baş bilim müdirligi tarapyndan diplomlar we Ýaşlar guramasynyň Mary şäher Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Nurjahan Mämmedowa.








