Ýurdumyzyň ähli ýokary okuw jaýlary bilen bir hatarda Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde hem täze 2026 – 2027 – nji okuw ýyly üçin talyplyga dalaşgär ýaşlaryň degişli resminamalaryny kabul etmek işleri başlandy. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda bu bilim ojagyna okuwa girmek isleýän dalaşgär ýaşlaryň her günde uly topary bu orta hünär okuw mekdebine gelmek bilen, bellenilen nusgadaky resminamalary dolduryp, ony okuwa kabul ediş toparyna tabşyrýarlar. Bu ýere gelýän dalaşgär ýaşlar öz islegleri boýunça, saýlap alan hünär ugurlaryna görä degişli resminamalary doldurýarlar.
Dursun Ilbegiýewa.








