Bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň her bir güni täze taryhyň gatyna altyn harplar bilen ýazylýar. 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda-da Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň atlaryny ebedileşdirmek, olaryň bitiren işlerini çuňňur öwrenmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Şeýle beýik şahsyýetlerimiziň biri-de Magtymguly Pyragydyr.
Ady dünýä dolan Gündogaryň akyldar şahyry, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragy şygryýet äleminiň merjenidir. Halkymyzyň söz sungatynyň kerwenbaşysy hasaplanylýan nusgawy şahyrymyzyň eserleri ynsanyň ýüreginiň töründe orun alýar. Sebäbi, şahyryň eserleriniň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiliginden gözbaş alýar. Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerinde pederlerimiziň pähim-paýhasa siňen nakyllarynyň, atalar sözüniň tutýan orny uludyr.
Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndaky milli ruh, milli duýgular ynsanyň adamkärçilik häsiýetlerini kesgitleýär. Şygyrlarda mertlik, watançylyk, ar-namyslylyk, kalby päklik, tebigata we janly-jandarlara söýgi, rehim-şepagat, ula-kiçä hormat goýmak, wepadarlyk, salyhatlylyk, ynsanperwerlik ýaly häsiýetler beýan edilýär. Şahyryň döredijiligi Watana, halka wepaly, arassa ahlakly, belent ruhly, ynsanperwer ýaşlary terbiýelemekde nusgalyk mekdepdir. Beýik akyldaryň ölmez-ýitmez şygyrlaryndaky pelsepewi pikirler, öwüt-nesihatlar ýaşlary terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.
Şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, Berkarar döwletimiziň ajaýyp ösüşlerine, gözelligine şaýat bolmak biz üçin çäksiz bagtdyr. Beýik söz ussadynyň ajaýyp goşgulary ähli halklar üçin ýol görkeziji şamçyrag bolup hyzmat edýär. Onuň döredijiligi, hakykatdan-da bir umman. Magtymguly atamyz tutuş adamzada söz mülküni — bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak pähimleri, nesihatlary, öwüt-ündewleri ýadygär goýdy. Bu günki güne çenli şahyryň edebi mirasy hakynda ençeme ylmy garaýyşlar beýan edildi.
Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyraga bagyşlap “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly döreden ajaýyp şygry türkmen halkymyza ýapylan serpaý boldy.
Nusgawy şahyrlarymyzy sarpalaýan, olara hormat goýýan, biz — ýaşlara işlemäge, döretmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys.
Aýjahan ANNAORAZOWA.








