Ýakynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň hem-de şäherdäki 6-njy sport mekdebiniň bilelikde guramagynda “Sport — kämillige badalga” ady bilen ýaryş geçirildi. Ady agzalan sport mekdepde geçirilen ýaryş futzal boýunça geçirildi. Oňa şäherdäki orta mekdeplerde bilim alýan okuwçy oglanlar gatnaşdylar.
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen ýaryşda toparlar öz aralarynda ýaryşdylar. Ol, diýseň, çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Gyzgalaňly geçen ýaryşda emin agzalarynyň adalatly baha bermeginde ýeňiji topar öňe saýlandy. Ýeňiji bolan hem-de gatnaşan toparlara TMÝG-niň şäher geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar we höweslendiriji baýraklar gowşuryldy.
Abdylla HUDAÝBERDIÝEW.








