Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmak hem-de olary sporta çekmek maksady bilen ýurdumyzyň ähli künjeginde sport desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Şeýle hem ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli geçirilip durulýar. Ýakynda şeýle ýaryşlaryň biri hem Mary etrabyndaky sport mekdebinde grek-rim göreşi boýunça welaýatyň açyk birinjiligini almak ugrunda geçirildi. Oňa 2009 — 2011-nji ýyllarda doglan türgenler gatnaşdylar.
Gyzgalaňly we çekeleşikli geçen ýaryşa biziň sport mekdebimiziň hem grek-rim göreşi boýunça ussatlary gatnaşyp özleriniň başarjaňlygyny görkezdiler. Onda öz deň-duşlaryndan tapawutlanmagy başaran mekdebimiziň türgenleri Sapa Parahadow, Jemşit Dörtgulyýew, Maksat Ataýew 3-nji orunlara mynasyp boldular.
Ýaryşda ýeňiji bolan türgenlere welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Hormat hatlary gowşuryldy.
Agajan ÇARYÝEW.








