Baýramaly şäherindäki 13-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Ogulmaral Orazdurdyýewa çagalara bilim hem terbiýe bermekde janaýaman zähmet çekýär. Ol çagalara tebigaty goramagyň düzgünlerini jikme-jik düşündirýär. Şeýle-de, terbiýeçi tebigaty aýawly saklamalydygyny, ýylyň islendik paslynda ýetişýän gök-bakja önümleriniň ynsan saglygy üçin örän peýdalydygyny yzygiderli ündeýär.
SURATDA: Ogulmaral Orazdurdyýewa çagalar bilen.








