Ak arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda — Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň ýol-ýörelgelerini mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň bagtyýarlygyny gazanmak ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş günleriniň şadyýan geçmegi üçin ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap derejede gurlup, ulanylmaga berlen çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri çagalara gujagyny giňden açýar.
Şu günler «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň işgärleriniň çagalary tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly we täsirli geçirmek üçin «Nesil», «Çeşme», «Şöhle» we «Nebitçi» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerine tapgyrma-tapgyr ugradylýar. Dynç alyş döwrüniň 1-nji tapgyrynda çagalaryň 143-si, 2-nji tapgyrynda 165-si çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerine ugradyldy we olar ajaýyp binalarda wagtlaryny hoş geçirýärler. Çagalaryň dynç alyş möwsüminiň 3-nji tapgyrynda bolsa 200-e golaý çagany dynç alyş merkezlerine ugratmak meýilleşdirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesliň geljegi üçin edýän taýsyz tagallalary netijesinde bagtyýar çagalaryň şadyýan gülküsi alyslara ýaň salýar. Okuwdan boş wagtlaryny şatlykly geçirýän kalplary buýsançdan doly bagtyýar nesiller Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyş aýdýarlar.
Tomusky dynç alyş möwsümi çagalaryň durmuşynda ýatdan çykmajak ýakymly ýatlamalar bilen dowam edýär. Goý, şadyýan tomsuň ajaýyp günleri Watanymyzyň geljegi bolan bal çagalaryň şatlygyna şatlyk goşsun!
Begmuhammet ATAÝEW.