Çagalaryň häzirki dowam edýän tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasynda guralýan dürli medeni-dynç alyş çäreleri ýurdumyzyň Mary welaýatynda hem yzygiderli geçirilip, oňa körpe nesiller ýokary ruhubelentlikde gatnaşýarlar. Mary welaýatyndaky ,,Arkadagyň bagtyýar nesilleri“ çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Mary welaýat häkimligi hem-de welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan guralan dürli medeni köpçülik we sport çäreleri hem örän täsirli boldy. Bu dabaraly çärä merkezde sapaly dynç alýan bagtyýar çagalaryň uly topary gatnaşdy. Olar çäräniň dowamynda merkeziň çägindäki oýun meýdançasynda çagalaryň arasynda sportyň estefeda görnüşli gyzykly bäsleşikler guraldy. Mundan başga-da çagalar meýdançasynda çagalara ruhy lezzet paýlaýan aýdym-sazly çykyşlar görkezilip, sportuň küşt görnüşi boýunça guralan oýun täsirli boldy. Merkezde çagalaryň wagtlaryny şadyýanlykda geçirmekleri üçin ýörite döredilen sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylan sport zalynda türgenleşik geçmekleri hem ýaş nesilleriň beden taýdan sagdyn bolmaklaryna ýardam etdi. Merkezde dynç alyp wagtlaryny many-mazmuna besleýän bagtyýar çagalar özlerine döredilýän şeýle mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekde çykýan alkyş sözlerini aýdýarlar.