Ynsan saglygyny goramakda, dikeltmekde, bejermekde bimöçber işleriň durmuşa geçirilýändigine biziň her birimiz şaýat bolýarys. Çünki, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ildeşlerimiziň sagdyn hem bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Esasan-da, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň sagdyn bedenli, ruhubelent, bilimli bolmagy üçin ençeme amatly mümkinçilikler döredilýär. Aýratyn-da, howandarlyga mätäç çagalara ýakyndan kömek bermek, olaryň saglygyny dikeltmek ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Munuň şeýledigine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri doly şaýatlyk edýär.
Baldan süýji balalarymyzyň sagdyn, bilimli, edep-terbiýeli, ukyp-başarnykly bolup kemala gelmekleri üçin atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda dünýä döwletleri bilen hem işjeň hyzmatdaşlyklaryň ýola goýulýandygyny aýratyn bellemek gerek. Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolýan haýyr-sahawat gaznasynyň ýola goýýan beýik işleri çagalarymyzyň has-da bagtyýar geljegini kepillendirýär.
Bilşimiz ýaly, 2021-nji ýylda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen bu gaznanyň hasabyna ençeme çagalaryň saglygy dikeldildi. Bäş ýylyň dowamynda howandarlyga mätäç çagalara haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna hemaýat berildi we häzirki wagtda-da bu haýyrly hem sogaply işler yzygiderli dowam etdirilýär. Has takygy, ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda ençeme çagalara bu gaznanyň hasabyna operasiýa edilýär. Biziň welaýatymyzda hem şeýle işleriň ýola goýulýandygyny uly buýsanç bilen bellemek zerur.
Şeýle-de, gaznanyň hasabyna operasiýa edilen çagalar “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky sagaldyş we dynç alyş merkezlerine ugradylyp, olaryň saglygynyň has-da oňat dikeldilmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesiller hakynda uly alada edilýändigini äşgär edýär. Ýene-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Watanymyzyň söýenji bolan çagalaryň asuda, bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşamagy, bilim almagy, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin beýik işleriň durmuşa geçiriljekdigi şübhesizdir. Çünki, çagalar biziň buýsanjymyz, göz guwanjymyz, geljegimizdir!
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk aladasy, ak ýektaýly lukmanlarymyzyň yhlasly zähmeti, haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýat bermegi bilen öz saglygyna gowuşýan çagalaryň, olaryň ene-atalarynyň kalplary buýsançdan doly. Olar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýdýarlar.
Sülgün ŞADYÝEWA.








