Şeýle at bilen Murgap etrap medeniýet öýünde TDP-niň, TAP-nyň etrap komitetleriniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Melisiniň deputatlary, etrap halk maslahatynyň agzalary, syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, bilim, saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Gurbangül Mädenowa, TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Oguljan Baýramgylyjowa, etrapdaky 3-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Güljan Esenowa çykyş etdiler. Çykyşlarda ýakynda Aşgabat şäherinde “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasynyň geçirilendigi, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanymyzyň geljegi bolan çagalar hakynda aýratyn alada edilýändigi, körpe nesliň kämil ynsanlar bolup ýetişmegi ugrunda ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi dogrusynda täsirli gürrüň edildi.
Laçyn RAHMANOWA.