Ýakynda şeýle at bilen TMÝG-niň şäher geňeşiniň guramagynda şäherindäki 21-nji çagalar bagynda medeni-köpçülik çäresi geçirildi. Oňa şäherdäki çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeler gatnaşdylar. Ýurdumyzyň geljegi bolan körpeleriň arasynda milli däp-dessurlarymyzy, ene-mamalarymyzdan galan milliligimizi wagyz etmek, ösüp gelýän ýaş nesilleriň edep-terbiýeli, ata Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmegini gazanmak maksady bilen geçirilen çäre örän gyzykly hem täsirli boldy.
Çärede bagtyýar çagalar nesil terbiýesiniň özenini düzýän türkmen milli oýunlarymyzy, goşgudyr aýdymlary, ýaňyltmaçdyr matallary hem-de ertekileri ýerine ýetirdiler. Munuň özi çagalarda ýakymly ýatlamalary galdyrdy. Şol sanda guralan çäre çagalaryň zehininiň ýüze çykmagyna uly itergi berdi.
Göwher KAKAGELDIÝEWA.








