Çaga — eziz, edebi  ondanam  eziz
weather mary 13° C Mary
weather mary 13° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Çaga — eziz, edebi  ondanam  eziz

148 30.07.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň täze belentliklere tarap ilerlemeginiň esasy sütünleriniň biri bolan bilim ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk guramak, ýaşlara dünýä derejesinde bilim we terbiýe bermek her bir terbiýeçiniň, mugallymyň esasy borjudyr. Çünki, ajap eýýamymyzyň ertirki gününiň abadan bolmagynyň aladasy şu günden başlanýar. Bu derwaýys alada ajaýyp döwrümiziň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli ýaş neslini kemala getirmekden ybaratdyr. 
Ýaş nesli sazlaşykly ösen ruhda ýetişdirmegiň esasy ugurlarynyň biri zähmet terbiýesidir. Zähmet terbiýesi, agzybir, asuda hem jebis türkmen halkynyň röwşen geljegi üçin ukyply, ruhubelent hem sagdyn, gaýratly hem başarjaň şahslary kemala getirmegi göz öňünde tutýar. Ata Watanyň,          il-günüň bähbidi, ýaşaýyş-durmuşyň eşreti, her bir ynsanyň bol-telki ýaşamagy üçin işe ukyply bolmagyň zerurdygy baradaky düşünjeleri ýaşlaryň aňyna guýmak, şeýle ýörelgeleri ýaşlaryň islegine hem endigine öwürmek biziň mukaddes borjumyzdyr. Terbiýeçilik işiniň bu ugry öz gözbaşyny maşgala ojagyndan alyp gaýdýar.
Ýaş nesli döwrebap terbiýeläp ýetişdirmekde esasy orun maşgala degişlidir. Çaganyň ilkinji mekdebi maşgala, ilkinji terbiýeçisi hem          ata-enedir. Çaganyň akylly-başly, ýokary ahlakly, sagdyn, gözellik dünýäsine düşünýän, zähmete ukyply adam bolup ýetişmeginde maşgalanyň orny biçak uludyr. Diýmek, maşgalada çaga terbiýesi möhüm bolup, esasy jogapkärçilik ene-atanyň egnine düşýär. Ogul perzent atadan görelde alsa, gyz çaga eneden görelde alýar. Bu barada ata-babalarymyzdan galan nakylda şeýle diýilýär: “Atadan nesihat alan ogul kethuda bolar. Eneden nesihat alan gyz keýwany bolar”. Gyz çaga terbiýe bermek, ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlary, edep kadalaryny, öý işlerini, el işlerini öwretmek her bir enäniň mukaddes borjudyr. 
Perzendi akylly-başly terbiýelemek ata-enäniň baş maksady bolup durýar. Bu bolsa ata-eneleriň üstüne uly borçlary, şol sanda çagalarda zähmete söýgini terbiýelemek wezipesini hem ýükleýär.
Maşgalada berilýän zähmet terbiýesiniň görnüşleri dürli-dürlüdir. Öz-özüňe hyzmat ediş, öý-hojalyk, öndürijilikli zähmet... bularyň hemmesi maşgalada amala aşyrylýan zähmet terbiýesiniň esasy görnüşleridir. Şu ýerde, ata-babalarymyzyň aýdyp geçen ýene bir nakylyny ýatlamakçy: “Gyz öýüň torbasy, ene onuň urbasy”.
Ata-enä, ýaşuly adamlara hyzmat etmek, kiçiler hakda aladalanmak,    biş-düş arassaçylyk işlerine gatnaşmak, ekerançylyk, maldarçylyk, senetçilik ýaly pişeler bilen meşgullanmak maşgalada durmuşa geçirilýän zähmet terbiýesiniň süňňüne ornaşyp gitdi. Çagalaryna iň irki ýaşdan başlap zähmet endiklerini öwredýän ata-eneler hakykatdan-da mukaddes iş edýärler.
Döwrümiziň ösen talaplaryna laýyklykda ýurdumyzyň geljegi bolan her bir çaganyň maşgalada ata-ene tarapyndan dogry we doly terbiýelenilmegi üçin düýpli alada etmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Mekdep, mugallymlar bolsa, şol terbiýäniň dowamydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň,   Arkadagly  Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Aýgözel TÄŞLIÝEWA.

21
21 18.11.2025
Dabaraly maslahat geçirildi

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurt Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, etrap, şäher komitetleriniň bilelikde gurnamaklarynda dabaraly maslahat geçirilip, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatynyň agzalary we partiýanyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Ýokary ruhubelentlik häsiýete eýe bolan bu maslahatda Bitaraplygymyzyň halkymyza beren bagty we Berkarar döwletimizde ähli ulgamlarda ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler barada gyzykly gürrüňler edildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda özüniň syýasy, ykdysady, medeni, ylym, bilim kuwwatyny ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine gönükdirýän Watanymyzyň dünýädäki at-abraýy dogrusynda-da buýsanç bilen bellenildi. Dabaraly maslahatyň dowamynda sungat ussatlarynyň parahat Watanymyzyň Bitaraplygyny wasp edýän aýdym-sazly çykyşlaryna-da uly orun berildi. Maslahata gatnaşanlar halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň milli lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza päk ýürekden çykýan alkyşly sözlerini aýtdylar. Merjen Çaryýarowa.

46
46 18.11.2025
Baýramçylygymyz agzybirlikde bellenilýär

Toýlary toýlara ulaşýan eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda asuda, abadan durmuşymyzyň  her bir güni uly üstünliklere, toý baýramlara beslenýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem toý-baýramlara, ösüşlere  baý ýyl bolmak bilen bu ýylda ulydan toýlanjak hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýyna bagyşlanan dabaralar hem ýurdymyzyň ähli ýerleri bilen bir hatarda Mary welaýatymyzda-da giň gerime eýe bolýar. Şeýle baýramçylyk saçaklary her bir türkmen öýlerinde we dürli milletleriň maşgala ojagynda-da duz-çörekli gatnaşyp mähirli gutlanylýar. Şeýle baýramçylyk toý saçagy Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň ýaşaýjysy rus doganlarymyz Nadežda Çerýomhinanyň maşgalasynda giňden ýazylyp dost-doganlar, goňşy golamlary bilen bilelikde agzybirlikde bellendi. Toý saçagyny rus doganlarymyzyň we Türkmen milli tagamlary bezedi. Toý desterhanynyň başyna jemlenenler halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrynda, dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçulyk gatnaşyklaryny ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän  Milli Liderimiz, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler. Suwhan Kulyýew

46
46 18.11.2025
Täjik maşgalasynda myhmançylykda

Toýlary toýlara ulaşýan eziz diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda asuda, abadan durmuşymyzyň  her bir güni uly üstünliklere, toý baýramlara beslenýär. Üstümizdäki “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem toý-baýramlara, ösüşlere  baý ýyl bolmak bilen bu ýylda ulydan toýlanjak hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna bagyşlanan dabaralar hem ýurdymyzyň ähli ýerleri bilen bir hatarda Mary welaýatymyzda-da giň gerime eýe bolýar. Şeýle baýramçylyk saçaklary her bir türkmen öýlerinde we dürli milletleriň maşgala ojagynda-da duz-çörekli gatnaşyp mähirli gutlanýar. Şeýle baýramçylyk toý saçagy Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň ýaşaýjysyz Täjik doganlarymyz Saparowlaryň maşgalasynda giňden ýazlyp dost-doganlar, goňşy golamlar bilen bilelikde agzybirlikde bellendi. Toý saçagyny Täjik doganlarymyzyň we Türkmen milli tagamlary bezedi. Mukaddes toý saçagynyň başynda etrabyň medeniýet merkeziniň aýdymçylarynyň asuda, abadan durmuşumyzyň, ösüşleriň ak ýolunda öňe barýan parahat Watanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegi ugrunda ýola goýýan beýik işleriniň, dost-doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň hem-de Hemişelik Bitaraplygymyzyň waspyny ýetirýän birnäçe aýdymlar belentden ýaňlandy. Toý desterhanynyň başyna jemlenenler halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrynda, dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçulyk gatnaşyklaryny ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiz, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler. Azat Beglanow.

48
48 18.11.2025
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat hem-de Mary şäher Zenanlar bölümleriniň,    Marynyň Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň  bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.   Maslahatyň dowamynda şu ýylyň şanly wakalary dogrusynda söhbetler edildi.   Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatyny, giň gerimli maksatnamalaryny wagyz-nesihat etmek, şeýe-de ösüp gelýän ýaş nesillerimizi milli däplerimize, adatlarymyza laýyk terbiýelemek, maşgala mukaddesligini berkitmek dogrusynda alnyp barylýan işler dogrusynda belläp, olarda ata-Watanymyza, agzybir halkymyza we ene-topragymyza bolan  buýsanjy, ylym-bilime bolan höwesi artdyrmakda toplumlaýyn işleriň ýerine ýetirilmelidigi barada hem aýratyn nygtadylar. Altynaý Seýitberdiýewa.

48
48 18.11.2025
Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň baýramçylyk dabaralary giňden bellenilýär

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň baýramçylyk dabaralary Mary welaýatynyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň mukaddes maşgala ojaklarynda-da uly toý tutumlary bilen giňden bellenilip geçilýär. Dost-doganlygyň, hoşniýetliligiň we parahatsöýüjiligiň baýramy bolan Bitaraplyk baýramyny biziň ýurdumyzda ýaşaýan dostlukly ýurtlaryň wekilleri hem giňden belläp geçýärler. Wekilbazar  etrabynda ýaşaýan Ermeni maşgalalary hem bu baýramçylyk gününde toý desterhanlaryny uludan ýazyp, dogan-garyndaşlary, goňşy-golamlary bilen baýramçylyk belläp, özleriniň milli däp-dessurlaryny giňden açyp görkeziler. Bu günki baýramçylyk gününde birek-birege duz-çörek hödür edilip, ýagşy arzuw-niýetler dileg edildi. Munuň özi bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda döwletli-döwranyň, bolelin durmuşyň hözirini görýän bagtyýar raýatlarymyz bilen ýurdumyzda ýaşaýan daşary ýurtly wekilleriň agzybirliginiň, jebisliginiň we milli ýörelgelerimize goýýan sarpasynyň aýdyň nyşanydyr. Bu günki gün asuda we erkana Watanymyzda öz agzybir maşgala ojaklarynda Halkara Bitaraplyk gününi ýokary ruhubelentlik bilen belleýän bagtyýar raýatlarymyzyň ajaýyp zamanada ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny aýtdylar.  Göwher Ataýewa.

31
31 12.11.2025
Ýaşlar syýasaty-beýik ösüşiň badalgasy

        Döwüriň şanyna şan, ösüşleriň badyna bat goşýan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Milli Lider Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly  Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde uly üstünlikleriň we ösüşleriň ýoly bilen aýdyň gelejege tarap öňe barýar.Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň  Mary welaýat, etrap we şäher  geňeşleriniň işgärleri we işjeň agzalaryň, Mary welaýat kitaphanasynyň gurnamagynda, “Ýaşlar syýasaty-beýik ösüşiň badalgasy”atly maslahat duşuşygy geçirildi.Bu duşuşyga,sport ýaryşlarynda ýeňiş gazanan welaýatyň ýaş türgenleri, Bagtyýar talyp ýaşlary hem gatnaşdylar. Örän täsirli geçen bu maslahatda çykyş edenler  parahatçylygyň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde at-owazasy bütin düýä dolan asuda we abadan ýurdymyzyň her biri güniniň taryhy wakalara beslenýändigini aýdyp geçdiler. Maslahata gatnaşanlar halkymyzy ösüşiň ak ýolundan öňe alyp barýan Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Milli Lider Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar. Suwhan Kulyýew.

36
36 11.11.2025
Tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilýän çäreleriň çäginde tegelek stoluň başynda atly söhbetdeşlik geçirildi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen bu söhbetdeşlik Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň gurnamagynda geçirildi.Söhbetdeşligiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň dünýä döwletleri bilen alyp barýan hoşniýetli dost –doganlyk goňşuçylyk gatnaşyklary, ýurdumyzyň halkara derejesindäki at –abraýy, daşary ýurtlar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň täze many-mazmunyna eýe bolýandygy hakynda buýsançly gürrüňler edildi.Bitaraplygymyzyň 30 ýyly içinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylan üstünlikler we ýetilen belent sepgitler dogrusynda giňişleýin durlup geçildi.Halkymyzy ösüş ýollar bilen öňe alyp barýan türkmen hakynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdyldy. Çarymuhammet Saparow.

30
30 10.11.2025
Çagalar bakja-baglary bäsleşdiler

Ýakynda Mary şäherindäki 12-nji çagalar bakja-bagynda «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bakja-bagy» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan çagalar bakja-baglary gatnaşdylar. Bäsleşigiň maksady hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossana öwürmek syýasatyny durmuşa geçirmek we daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işlere ýaş nesliň işjeň gatnaşmagyny gazanmakdan, olarda daş-töweregimizi gurşap alýan tebigata söýgini terbiýelemekden, ýaş nesliň ekologiýa medeniýetini ösdürmekden ybarat boldy.  Netijede, 1-nji orna Mary etrabyndaky 5-nji çagalar bakja-bagy, 2-nji orna Mary şäherindäki 12-nji çagalar bakja-bagy, 3-nji orna bolsa Ýolöten etrabyndaky 9-njy çagalar bakja-bagy eýe boldular. Ýeňijilere welaýat baş bilim müdirliginiň diplomlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.  Bahargül MEJIDOWA. 

35
35 10.11.2025
Mary welaýatynyň kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi

      Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda öňe sürýän sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak,sporty giňden wagyz etmekde. Mary welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu çärä köp sanly sport türgenleri, Hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek barada amala aşyrýan işleriniň çäginde, ýurdumyzyň Mary welaýatynda hem yzygiderli sport ýaryşlary geçirilýär. Mary Şäherindäki 8-nji sport mekdebinde  Taekwon-do WT bölüminiň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen Sportuň Teakwon-do, ITF görnüşi boýunça  Mary welaýatynyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşda türgenler ýaş aýratynlyklaryna görä dürli agram derejelerinde özara bäsleşdiler. Ýaryşda welaýatyň etrapdyr şäherlerinden gelen türgenler öz ussatlyklaryny açyp görkezdiler. Dartgynly häsiýet mahsus bolan bu ýaryş has ussat we erjel türgenleriň birnäçesini ýüze çykardy. Suwhan Kulyýew.

21
21 18.11.2025
Dabaraly maslahat geçirildi

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurt Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, etrap, şäher komitetleriniň bilelikde gurnamaklarynda dabaraly maslahat geçirilip, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatynyň agzalary we partiýanyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Ýokary ruhubelentlik häsiýete eýe bolan bu maslahatda Bitaraplygymyzyň halkymyza beren bagty we Berkarar döwletimizde ähli ulgamlarda ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler barada gyzykly gürrüňler edildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda özüniň syýasy, ykdysady, medeni, ylym, bilim kuwwatyny ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine gönükdirýän Watanymyzyň dünýädäki at-abraýy dogrusynda-da buýsanç bilen bellenildi. Dabaraly maslahatyň dowamynda sungat ussatlarynyň parahat Watanymyzyň Bitaraplygyny wasp edýän aýdym-sazly çykyşlaryna-da uly orun berildi. Maslahata gatnaşanlar halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň milli lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza päk ýürekden çykýan alkyşly sözlerini aýtdylar. Merjen Çaryýarowa.

46
46 18.11.2025
Baýramçylygymyz agzybirlikde bellenilýär

Toýlary toýlara ulaşýan eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda asuda, abadan durmuşymyzyň  her bir güni uly üstünliklere, toý baýramlara beslenýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem toý-baýramlara, ösüşlere  baý ýyl bolmak bilen bu ýylda ulydan toýlanjak hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýyna bagyşlanan dabaralar hem ýurdymyzyň ähli ýerleri bilen bir hatarda Mary welaýatymyzda-da giň gerime eýe bolýar. Şeýle baýramçylyk saçaklary her bir türkmen öýlerinde we dürli milletleriň maşgala ojagynda-da duz-çörekli gatnaşyp mähirli gutlanylýar. Şeýle baýramçylyk toý saçagy Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň ýaşaýjysy rus doganlarymyz Nadežda Çerýomhinanyň maşgalasynda giňden ýazylyp dost-doganlar, goňşy golamlary bilen bilelikde agzybirlikde bellendi. Toý saçagyny rus doganlarymyzyň we Türkmen milli tagamlary bezedi. Toý desterhanynyň başyna jemlenenler halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrynda, dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçulyk gatnaşyklaryny ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän  Milli Liderimiz, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler. Suwhan Kulyýew

46
46 18.11.2025
Täjik maşgalasynda myhmançylykda

Toýlary toýlara ulaşýan eziz diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda asuda, abadan durmuşymyzyň  her bir güni uly üstünliklere, toý baýramlara beslenýär. Üstümizdäki “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem toý-baýramlara, ösüşlere  baý ýyl bolmak bilen bu ýylda ulydan toýlanjak hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna bagyşlanan dabaralar hem ýurdymyzyň ähli ýerleri bilen bir hatarda Mary welaýatymyzda-da giň gerime eýe bolýar. Şeýle baýramçylyk saçaklary her bir türkmen öýlerinde we dürli milletleriň maşgala ojagynda-da duz-çörekli gatnaşyp mähirli gutlanýar. Şeýle baýramçylyk toý saçagy Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň ýaşaýjysyz Täjik doganlarymyz Saparowlaryň maşgalasynda giňden ýazlyp dost-doganlar, goňşy golamlar bilen bilelikde agzybirlikde bellendi. Toý saçagyny Täjik doganlarymyzyň we Türkmen milli tagamlary bezedi. Mukaddes toý saçagynyň başynda etrabyň medeniýet merkeziniň aýdymçylarynyň asuda, abadan durmuşumyzyň, ösüşleriň ak ýolunda öňe barýan parahat Watanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegi ugrunda ýola goýýan beýik işleriniň, dost-doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň hem-de Hemişelik Bitaraplygymyzyň waspyny ýetirýän birnäçe aýdymlar belentden ýaňlandy. Toý desterhanynyň başyna jemlenenler halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrynda, dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçulyk gatnaşyklaryny ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiz, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler. Azat Beglanow.

48
48 18.11.2025
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat hem-de Mary şäher Zenanlar bölümleriniň,    Marynyň Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň  bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.   Maslahatyň dowamynda şu ýylyň şanly wakalary dogrusynda söhbetler edildi.   Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatyny, giň gerimli maksatnamalaryny wagyz-nesihat etmek, şeýe-de ösüp gelýän ýaş nesillerimizi milli däplerimize, adatlarymyza laýyk terbiýelemek, maşgala mukaddesligini berkitmek dogrusynda alnyp barylýan işler dogrusynda belläp, olarda ata-Watanymyza, agzybir halkymyza we ene-topragymyza bolan  buýsanjy, ylym-bilime bolan höwesi artdyrmakda toplumlaýyn işleriň ýerine ýetirilmelidigi barada hem aýratyn nygtadylar. Altynaý Seýitberdiýewa.

48
48 18.11.2025
Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň baýramçylyk dabaralary giňden bellenilýär

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň baýramçylyk dabaralary Mary welaýatynyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň mukaddes maşgala ojaklarynda-da uly toý tutumlary bilen giňden bellenilip geçilýär. Dost-doganlygyň, hoşniýetliligiň we parahatsöýüjiligiň baýramy bolan Bitaraplyk baýramyny biziň ýurdumyzda ýaşaýan dostlukly ýurtlaryň wekilleri hem giňden belläp geçýärler. Wekilbazar  etrabynda ýaşaýan Ermeni maşgalalary hem bu baýramçylyk gününde toý desterhanlaryny uludan ýazyp, dogan-garyndaşlary, goňşy-golamlary bilen baýramçylyk belläp, özleriniň milli däp-dessurlaryny giňden açyp görkeziler. Bu günki baýramçylyk gününde birek-birege duz-çörek hödür edilip, ýagşy arzuw-niýetler dileg edildi. Munuň özi bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda döwletli-döwranyň, bolelin durmuşyň hözirini görýän bagtyýar raýatlarymyz bilen ýurdumyzda ýaşaýan daşary ýurtly wekilleriň agzybirliginiň, jebisliginiň we milli ýörelgelerimize goýýan sarpasynyň aýdyň nyşanydyr. Bu günki gün asuda we erkana Watanymyzda öz agzybir maşgala ojaklarynda Halkara Bitaraplyk gününi ýokary ruhubelentlik bilen belleýän bagtyýar raýatlarymyzyň ajaýyp zamanada ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny aýtdylar.  Göwher Ataýewa.

31
31 12.11.2025
Ýaşlar syýasaty-beýik ösüşiň badalgasy

        Döwüriň şanyna şan, ösüşleriň badyna bat goşýan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Milli Lider Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly  Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde uly üstünlikleriň we ösüşleriň ýoly bilen aýdyň gelejege tarap öňe barýar.Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň  Mary welaýat, etrap we şäher  geňeşleriniň işgärleri we işjeň agzalaryň, Mary welaýat kitaphanasynyň gurnamagynda, “Ýaşlar syýasaty-beýik ösüşiň badalgasy”atly maslahat duşuşygy geçirildi.Bu duşuşyga,sport ýaryşlarynda ýeňiş gazanan welaýatyň ýaş türgenleri, Bagtyýar talyp ýaşlary hem gatnaşdylar. Örän täsirli geçen bu maslahatda çykyş edenler  parahatçylygyň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde at-owazasy bütin düýä dolan asuda we abadan ýurdymyzyň her biri güniniň taryhy wakalara beslenýändigini aýdyp geçdiler. Maslahata gatnaşanlar halkymyzy ösüşiň ak ýolundan öňe alyp barýan Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Milli Lider Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar. Suwhan Kulyýew.

36
36 11.11.2025
Tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilýän çäreleriň çäginde tegelek stoluň başynda atly söhbetdeşlik geçirildi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen bu söhbetdeşlik Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň gurnamagynda geçirildi.Söhbetdeşligiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň dünýä döwletleri bilen alyp barýan hoşniýetli dost –doganlyk goňşuçylyk gatnaşyklary, ýurdumyzyň halkara derejesindäki at –abraýy, daşary ýurtlar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň täze many-mazmunyna eýe bolýandygy hakynda buýsançly gürrüňler edildi.Bitaraplygymyzyň 30 ýyly içinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylan üstünlikler we ýetilen belent sepgitler dogrusynda giňişleýin durlup geçildi.Halkymyzy ösüş ýollar bilen öňe alyp barýan türkmen hakynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdyldy. Çarymuhammet Saparow.

39
39 05.11.2025
Dabaraly duşuşyk

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna resmi sapary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Şu waka mynasybetli daşary ýurt dillerine, aýratynam, italýan dilini öwretmeklige ýöriteleşdirilen  mekdebimizde “Italýa syýahat” atly dabaraly duşuşyk geçirildi. Bu çäräni TDP-niň Baýramaly şäher komiteti, etrap bilim bölümi, TMÝG-niň etrap geňeşi bilelikde geçirdiler. Oňa atlary agzalan guramalaryň, etrap bilim bölüminiň işgärleri, mekdepleriň mugallymlary we okuwçylar gatnaşdylar. Dabaraly duşuşykda TDP-niň Baýramaly şäher komitetiniň başlygy Agamyrat Seýitberdiýew, TMÝG-niň Baýramaly şäher geňeşiniň başlygy Kemal Ýazgeldiýew, şäher bilim bölüminiň hünärmeni Aknabat Şyhyýewa  çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly daşary syýasatynyň rowaçlyklara beslenip, dünýäniň döwletleri bilen gatnaşyklaryň ösdürilýändigi barada gürrüň etdiler. Türkmen — italýan gatnaşyklarynyň has-da işjeň häsiýete eýe bolýandygy barada durup geçdiler. Dabaraly duşuşygyň dowamynda mekdebimiziň okuwçylary italýan dilinde aýdymlary aýtdylar,  goşgulary labyzly okadylar. Gyzykly geçirilen zehin bäsleşigi, ýerine ýetirilen şowhunly tanslar dabaramyza gatnaşanlarda örän uly täsir galdyrdy. Şiraly MUHIÝEW.

52
52 05.11.2025
Watan waspy dillerde sena

Ýakynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň baýramy mynasybetli welaýatymyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän ildeşlerimiziň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda “Bitaraplyk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dabaralanmasy” atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen dabaraly maslahat hemmeler üçin örän täsirli boldy. Dabaraly maslahatda TKA-nyň Şatlyk şäher birleşmesiniň başlygy Gurbanmuhammet Babaýew, TKA-nyň Sakarçäge etrap birleşmesiniň başlygy Orazgül Abdyýewa, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň pudagara utgaşdyryjysy Bibihatyja Hatamowa, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Bägül Begliýewa we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyş edenler ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda alnyp barylýan beýik işler, gazanylýan üstünlikler, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň baýramyna görülýän taýýarlyklar dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Dabaraly maslahatyň dowamynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Ajaýyp döwrümizi wasp edýän aýdym-sazlar maslahata gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Oguldursun KAMAROWA.

1017
1017 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

826
826 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

1068
1068 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

904
904 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

947
947 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

1020
1020 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

785
785 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

919
919 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2025 | Ähli hukuklar goragly.