Ir säher asmanyň asudalygny,
Ýüze, sylyp hem-de nurly güneşin.
Şükür! Ýetdiň bu bagtly döwrana,
Eý, türkmenim, bagtyň nesip eýlesin,
Saýasynda Gahryman Arkadagyň,
Penasynda Arkadagly Serdaryň.
Dünýäň çar künjünde ýaşyl Tugumyz,
Buýsanç bilen şöhrat bilen parlaýar.
Baýdagy golunda göterýän ýaşlar,
Ýeňiş bilen Ýer şaryna aýlanýar,
Saýasynda Gahryman Arkadagyň,
Penasynda Arkadagly Serdaryň.
Asudalyk, agzybirlik, jebislik,
Jem bolan ýerinde bagt oýanýar.
Bu bagtdan paýly bolan milletim,
Öz nurana geljegine buýsanýar,
Saýasynda Gahryman Arkadagyň,
Penasynda Arkadagly Serdaryň.