Golaýda Mary şäherindäki Akmämmet Ýazow adyndaky 6-njy orta mekdepde ýurdumyzyň çar künjeginden myhmanlaryň gatnaşmagynda mekdebiň 80 ýyllygyna hem-de mekdebe Akmämmet Ýazowyň adynyň dakylmagynyň 40 ýyllygyna bagyşlanylyp “Bütin geljegim üçin minnetdar saňa, mekdep!” atly dabara aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Oňa bu mekdebi tamamlan uçurymlar, Akmämmet Ýazowyň synpdaşlary, dogan-garyndaşlary, döredijilik adamlary, mekdebiň mugallymlary hem-de okuwçylary gatnaşdylar.
Dabarany mekdebiň müdiri Oguljan Rejebowa açdy we alyp bardy. Ol sözüniň başynda: “Akmämmet Ýazow söweş meýdanynda mertlerçe wepat bolsa-da, onuň ruhy, onuň ady biziň aňymyzda, mekdebimizde ebedilik galdy. Watany söýmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr” diýip, uly buýsanç bilen aýtdy.
Tolgundyryjy geçen dabarada bu mekdebiň uçurymy, meşhur şahyr Nury Baýramowyň 10-njy synpda okap ýören döwri ýazan “Eý, mekdebim, jana-jan!” goşgusy şu günki güne bagyşlanylyp ýazylan ýaly örän täsirli ýaňlandy. Mekdebi tamamlap, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekýän sungat ussatlary, ylym -bilim işgärleri, aýratyn hem eziz Watany, mähriban halky üçin söweşde wepat bolan Akmämmet Ýazow tolgunma bilen ýatlanyldy. Dabaranyň dowamynda A. Ýazowyň geçen gahrymançylykly ýoly barada gürrüň edildi. Täsirli gürrüňler, dabaraly çykyşlar hemmeleri tolgundyrdy. A. Ýazowyň ýaşlyk ýyllarynda Watan, ene hakynda ýazan goşgulary mekdebiň okuwçylarynyň dilleriniň senasyna öwrülipdir. Biz muňa dabaranyň dowamynda has-da aýdyň göz ýetirdik.
Soňra dabara mekdebiň mugallymy Bazargeldi Çerkezowyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşyp gitdi. Mekdebiň 5-nji synp okuwçylarynyň gatnaşmagyndaky hor toparynyň “Bedew batly bu ýylda”, “Watan waspy”, “Mekdep mugallymyma”, “Eý, mekdebim, jana-jan!”, Akmämet Ýazow barada aýdym-sazly kompozisiýa , “Bahar çemeni”, “Küştdepdi”, “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym — Türkmenistan!” ýaly çykyşlary hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. A. Ýazowyň ýaşlygyna garamazdan, Watana, zähmeti söýmeklige bagyşlap ýazan goşgularyny, “Üznüksiz önümçilik işi” atly ýazuw işini, düzmelerini, eserlerini oňa gatnaşanlar buýsanç bilen synladylar.
Mekdebiň taryh mugallymy Dünýägözel Baýramowanyň hem söweşde wepat bolan Akmämmet Ýazow hakynda ýazan şygyrlary baýramçylyk dabarasyna ruhubelentlik çaýdy.
Dabaranyň ahyrynda myhmanlar mekdebiň usuly birleşmesiniň taýýarlan usuly işlerine tomaşa etdiler. Mekdep okuwçylarynyň bu dabara taýýarlan sergisi hem oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar duz-çörek iýip, öten-geçenleriň ruhuna aýat-töwir okadylar.
Ogulşat BERKELIÝEWA.








