Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaş nesillerimiziň bilimli - ylymly, sowatly, giň dünýägaraýyşly bolmagy ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Eziz Diýarymyzyň her bir künjeginde bilim ojaklary gurlup, ulanylmaga berilýär. Aýratyn-da, olarda innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýaşlaryň has-da döwrebap bilim almagyna uly itergi berýär. Şeýle döwrebap binalaryň biri Bilimler we talyp ýaşlar güni biziň welaýatymyzda-da açylyp, ulanylmaga berildi. Has takygy, bu şanly senede welaýatymyzyň baýry ýokary okuw mekdebi bolan Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde 2000 orunlyk täze okuw binasy, 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy, iki gatdan ybarat ýapyk görnüşli sport desgasy, şeýle-de, Mary şäheriniň gözelligine gözellik çaýýan aýlawly ýoluň ugrundaky “Täze kuwwat” binasy açylyp, ol okamak hem-de işlemek üçin amatly şertler bilen üpjün edilipdir.
Täze binalaryň açylmagy talyp ýaşlar üçin baýramçylyk sowgady boldy. Çünki bu binalarda bilim almaga, ylmy esasda täze maglumatlary öwrenmäge, sport bilen meşgullanmaga, döredijilik ukyp-başarnyklaryňy görkezmäge giň mümkinçilikler bar. Bu ýerde daşary ýurtlaryň dünýä belli kompaniýalarynyň iň kämil, döwrebap okuw enjamlarynyň ornaşdyrylmagy bolsa, ýaşlaryň döwür bilen aýakdaş gitmegine giň mümkinçilik berýär. Bularyň ählisi talyplaryň oňat okap, saýlap alan hünärleriniň eýeleri bolup, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de ösmegi ugrunda yhlasly işläp, özleriniň şahsy goşantlaryny goşmagy üçin döredilýän mümkinçiliklerdir, olar babatynda edilýän atalyk aladalaryndan nyşandyr.
Jennet AKGAÝEWA.








